milli goshun logo
Ýaşlary harby bilime höweslendirýän çäreler
Ýaşlary harby bilime höweslendirýän çäreler
01.04.2020 3978 Harby Bilim

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri amala aşyrylýar. Ýaşlary harby bölümlerde we orta mekdeplerde harby bilime höweslendirmek üçin köpçülikleýin wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdeleri ýaşlara Watan goragçysy diýen mukaddes käriň olar üçin nähili giň mümkinçilikleri açýandygy barada gürrüň berýärler. Şeýle-de, harby okuwçylaryň we harby talyplaryň tölegsiz azyk, egin-eşik we goş üpjünçiligi ýaly köp sanly döwlet ýeňilliklerinden peýdalanýandyklary nygtalýar. Harby hünärleri özleşdiren harby ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna «leýtenant» harby ady dakylýar we milli goşunymyzyň harby bölümlerinde wezipelere bellenilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri ýaşlary Watana wepalylyk bilen gulluk etmäge ruhlandyrýar we olaryň geljekki hünärini saýlap almaga kömek berýär. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň okuw mekdeplerine nädip girmelidigi barada «Okuw ýyly» bölümimizde has köp maglumatlary tapyp bilersiňiz!

«Milli goşun».