Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary Hojalyk müdiriýetiniň täze
binalar toplumy bilen tanyşlygyň barşynda harby gullukçylar bilen söhbetdeş
bolup, olaryň gulluk şertleri, isleg-arzuwlary hem-de boş wagtlarynda näme
bilen meşgullanýandyklary bilen gyzyklandylar.
Serhetçiler ýakyn geljekde ele almagy arzuw edýän hünärleri barada gürrüň
berdiler. Hormatly Arkadagymyz we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy häzirki
döwürde döwletimiz tarapyndan Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim hem-de
hünär taýýarlygy üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini
bellediler. Bularyň ählisi ýaşlarda watansöýüjilik ruhuny berkitmekde,
zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýelemekde aýratyn zerurdyr.
Harby gullukçylar boş wagtlary aýdym-saz sungaty bilen
meşgullanýandyklaryny gürrüň berdiler we Watanymyzy wasp edýän aýdymy ýerine
ýetirdiler.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň VII gurultaýynyň geçiriljekdigini, onda ýaşlar
syýasatyna degişli birnäçe meselelere garaljakdygyny aýdyp, harby gullukçylaryň
bu gurultaýa hödürlejek teklipleri bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň
Başlygynyň belleýşi ýaly, ýaşlar her bir işde öňbaşçy bolmalydyrlar hem-de
Diýarymyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara işjeň gatnaşmalydyrlar.
Gahryman Arkadagymyz şu mesele boýunça ýaşlar bilen duşuşandygyny we şonda
ýaşlar tarapyndan birnäçe teklipleriniň beýan edilendigini aýtdy hem-de şu
günki harby gullukçylaryň ýaşlar syýasaty bilen bagly teklipleriniň,
isleg-arzuwlarynyň döwlet Baştutanymyza ýetiriljekdigini nygtady.
Güneşli
ülkämiziň dürli künjeklerinden harby gullugy geçmäge gelen serhetçi esgerler
ýokary derejeli gulluk ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin
hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar hem-de şöhratly pederlerimiziň
Watana gulluk etmegiň asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine
ynandyrdylar.