milli goshun logo
Uzak wagtlap uçuş ukyply dron
Uzak wagtlap uçuş ukyply dron
27.05.2019 2422 Tehnologiýa

«Lockheed Martin» kompaniýasynyň «Indago 3» atly drony 50-70 minutlap howada uçup bilýär. Uçarmansyz uçaryň ýantorbada daşamak mümkinçiligi we çydamlylygy ony öz bäsdeşlerinden öňe saýlaýar.

«Uçarmansyz uçar sistemalary we olaryň ukyby barada söz açylanda göwrüm möhüm meseledir. Meýdan goragy ýaly möhüm meseleleri mümkin boldugyça iň sada görnüşe getirmek isleýäris. Biziň uçarmansyz uçarymyz muny doly derejede durmuşa geçirip biler» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belleýär.

Dron 300 metrden hem tehnikalaryň göze ilmejek belgilerini hem okaýar we ýokary hilli elektro-optiki suratlary düşürip bilýär. Ony gijelerine örän ownuk maglumatlary anyklamak üçin hem ulanyp bolýar.