Ýanwar aýynyň
başynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby bölümlerinde 2020-nji
ýylyň birinji okuw möwsümine badalga berildi. Harby gullukçylaryň hünär
taýýarlygy boýunça ýekelikdäki taýýarlyklary başlandy. Onuň çäklerinde esgerler
harby hasap hünärlerini ele alarlar we bölünmeleriň düzüminde sazlaşyklary
geçerler.
– Umumygoşun
taýýarlygy biz üçin tamamlandy, indi biz has çylşyrymly we gyzykly sapaklary geçip
başladyk. Iň wajyp zat – biz tejribe sapaklaryna işjeň gatnaşýarys. Esger
ýoldaşlaryň bilen egin-egine berip, birmeňzeş, doly takyk hereketleri ýerine
ýetireniňde, bu sazlaşyk aklyňy haýran galdyrýar – diýip, 2019-njy ýylyň güýzki
möwsüminde harby gulluga gelen çagyryş boýunça harby gullukçy Arslan
Gulgeldiýew aýdýar.
Täze okuw
möwsüminiň dowamynda harby gullukçylaryň söweşjeň endiklerini has-da
kämilleşdirmäge aýratyn üns beriler. Çylşyrymly harby tehnikalary dolandyrjak
esgerler okatmagyň häzirki zaman tehniki serişdelerinde käbir endikleri has
çalt özleşdirmek üçin türgenleşik geçerler. Terbiýeçi serkerdeler şahsy düzümiň
gumanitar taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün eder.
«Milli goşun».