Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna
milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
«Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Gazagystan Respublikasy
döwlet esaslaryny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň
halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýlip,
gutlag hatynda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen
Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklarynyň oňyn we strategik häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen
belläp, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde köpugurly hyzmatdaşlygyň
mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.