milli goshun logo
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kitaphana ulgamynyň sanlaşdyrylmagy
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kitaphana ulgamynyň sanlaşdyrylmagy
24.08.2019 1657 Harby Bilim

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyz sagdyn ruhly jemgyýeti kemala getirmekde kitaphanalaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, halkymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde kitaphanalaryň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belläp geçýär. Şol nukdaýnazardan hem Milli Liderimiziň hut özi ýurdumyzda kitaphana ulgamyny sanlaşdyrmagy ýolbaşçy düzümiň öňünde wezipe edip goýdy. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmek işleri kitaphana ulgamynda hem ýokary depginde alnyp barylýar we ýurdumyzyň kitaphanalarynda okyjylara gerekli bolan maglumatlaryň çalt tapylmagy üçin niýetlenen, kitaphanadaky bar bolan eserleri bir tora jemleýän ulgam ornaşdyryldy.

Şeýle işler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde hem giň gerimde alnyp barylýar. Ýagny, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kitaphanalary kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklary esasynda ministrlige degişli kitaphanalary sanlaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, şu güne çenli ministrligiň garamagyndaky edaralarda we harby bölümlerde saklanýan kitaplaryň elektron görnüşine geçirilmegi we olaryň takyk sanawynyň düzülmegi dogrusynda ägirt uly işler amala aşyryldy.

Indi ýörite kompýuter tory arkaly harby talyplara, esgerlere we serkerdelere harby, taryh, çeper edebiýat, psihologiýa we başga-da öz hünär ugurlary bilen utgaşykly beýleki ylymlar boýunça dürli dillerde ýazylan müňlerçe kitaplaryň atlandyrmalary elýeter bolup durýar.

Mahlasy, harby talyplary bökdençsiz okamaga, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarydyr serkerdelerini Watana wepaly gulluk etmäge ruhlandyrýan we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän kitaplardan peýdalanmak üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ugurdaky tagallalary Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny berkitmek we Watan goragçylaryny belent ahlak sypatly, mert pederlerimiziň ruhunda terbiýelemek boýunça edilýän işleriň gözbaşydyr.

«Milli goşun».