«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary öz taýýarlan
robotlaryny görkezdiler.
Ýokary okuw mekdebiniň 2-nji hem-de 4-nji ýyl talyplary
Resul Nurmämmedow bilen Orazsähet Atamyradow 2 dilde, ýagny rus hem-de iňlis
dillerinde gürleýän we çäkli sowal-jogap alyşmaga mümkinçiligi bolan robot
oýlap tapypdyrlar. El telefonyna birikdirilen «Python» programmirleme dilinde
ýazylan bu robot batareýa arkaly işleýär. Ol gürlemäge, ýöremäge we kellesini
ses gelýän tarapa öwürmäge, ellerini hereketlendirmäge ukyply.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
instituty Daşkent binagärlik-gurluşyk uniwersiteti, Tatarystan Respublikasynyň
A.N.Tupolýew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersiteti, Astrahan
şäheriniň general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň
Hazar instituty, Sanweý uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda baglaşylan
Ähtnama esasynda birnäçe ylmy-amaly maslahatlary, okuw saparlaryny guraýar.
Serginiň dowamynda bilim ojagy bilen Hanoý ylym we
tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama gol çekmek dabarasy bu sanawyň üstüni ýetirdi.