milli goshun logo
Türkmen sährasyndan barýan kerwenler
Türkmen sährasyndan barýan kerwenler
20.10.2018 2814 Beýik Ýüpek Ýoly

Gadymy Oguz şäherleri. Oguz-türkmen ülkeleri. Dünýäniň özge ýurtlarynyň, halklarynyň söwdagärleriniň, täjirleriniň, ylymdarlarynyň, alymlarynyň, baý-u-begleridir han-soltanlarynyň dilleriniň senasyna öwrülen köňül arzuwlarydyr. Bolmasa, bu topragy nazarlap ugran kerwenleriň düýe sany ýüze-müňe ýetmezdi.

Hakydamyzda şeýle arzuwlaryň eýelerini alyp gelýän kerwenleri janlandyrmak kyn hem däl. Beýik Ýüpek ýoly bilen gelýän ol kerwen türkmen gündogaryndan – Amuldan, Amul çölünden geçip, taryhda ençeme kybapdaş Merw, Mawerennahr, Merwerrut ýaly atlary, «Şahyjahan», «Şahyjan» ýaly derejeleri bilen meşhurlyk gazanan Marydan çykyp, günbatara ugranda  gadymyýetiň hem-de orta asyrlaryň iň iri şäherleriniň biri, Turanyň akyl-paýhasy, adyl hereketleri bilen şöhratlanan mifiki şasy Afrasiabyň (Alp Är Töňňäniň) gurduran şäherinde – Sarahsda düşleýärler. Gujurly türkmen ussalarynyň yhlas-başarnygyndan kemala gelen binalaryň haýran galdyryjy görkünden alan lezzetleri olaryň göwünlerine ganat bitirýär.

Kerwenlere daklyşyp, öz ylmy dünýägaraýyşlarynyň gerimini giňeltmek isleýän danyşmentler bolsa, Marydaky Soltan Sanjaryň aramgähini – dünýäde ilkinji sütünsiz basdyrylan, bir günlük kerwen ýolundan görünýän täsin binany guran ahally arhitektor Muhammet Atsyz as-Sarahsynyň adyny ýandepderçelerine höwes bilen belläp alarlar. Onuň iki gat kerpiçden aýlaw edip galdyran gümmeziniň nusgalarynyň çyzgylaryny çekip bellärler. Şol usulyň göçürmelerini üç asyrdan soň, uzak Italiýadaky Florensiýanyň baş ybadathanasynyň gümmezi ýapylanda gaýtalap görerler. Sarahsyň Sarahs babanyň, Lukman babanyň, Ýartygümmez, Mäne babanyň aramgähleri, Jargürgen minarasy, Marydaky ady belli Soltan Sanjaryň aramgähi, Sarahsdan Nişapura gidýän ýoluň ugrundaky Rabat-Seref kerwensaraýy ýaly binalary guran ussalary ýetişdiren binagärçilik mekdebiniň uçurymlaryny yslam dünýäsiniň dürli künjeklerine çagyrarlar.

Häzirlikçe welin, Sarahsda dem-dynjyny alyp, getiren harytlaryndan isleg bildirilenlerini satyp, özleriniň hem gerekli harytlaryny alanlaryndan soň bolsa, kerwen Sarahsdan Nişapura, Hyrada, Nusaýa gidýän ýollaryň Nusaýa barýan ugry bilen ýene-de ýola rowana bolarlar. Tejen derýasynyň üstünden geçýän Pulhatyn köprüsinden öterler, Sarahsdan demirgazyk-günbatara ýöräp, sebitde o diýen uly bolmasa-da, adybir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänede aýak çekerler. Mäneden günbatara ýöräp, Horasanyň iň bir belli şäherleriniň biri Abiwerde gelerler. Köne Kakany görerler. Abiwerdiň köçelerine aýlanyp, binalarynyň gurluşlaryndan lezzet alarlar. Şäheriň ýüpek önümçiligi bilen gyzyklanarlar. Ýüpek matadan tikilýän eşigiň aýratyn bir görnüşi bolan «zanbaft» matasyndan kerwenine top-top ýüklärler. Bereketli topragyň künjüsinden we künji ýagyndan alarlar. Jana tenekar suwlaryndan hytaý çaýyny demlenerler. Abiwerdiň günbataryndaky, dagy etekläp howalanyp oturan Hysrowgala şäheri olaryň görmek arzuwyny güýçlendirer. Abiwerdden günbatarlygyna uzalyp gidýän şäherdir obalaryň hatarynyň duşundan geçip barýan kerwen harytlaryny satar, haryt alar, türkmen myhmansöýerligi dogrusyndaky ýakymly ýatlamalary biri-birine gürrüň berip berkiderler. Depderlerine ýazyp taryhyň gatyna oklarlar.

Şeýdip, Nusaýy nazarlap gelýän kerwen gadymy Änew şäherine nädip gelenini hem bilmän galar. Änew metjidiniň esasy girelgesiniň ýokarsyndaky iki sany aždarhanyň şekilini synlan hytaýly täjirler öz ýurduna gelen ýaly bolarlar. Ol aždarhalar bilen bagly rowaýatlary ýoldepderçelerine göçürerler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eserinde belleýşi ýaly: «Ak bugdaýyň gadymy mekanynda birnäçe günläp goş ýazdyran kerwenleriň ümzügi günbatara tarap. Şöhraty synmaz Nusaý galasynyň hiç haçan ýadyndan çykmajak täsirli söhbetler bilen iň del hem-de ýokary hilli harytlaryň mekanydygyny täjirler öň hem eşidendirler».

Olar biri-birinden bir ýarym kilometr uzaklykda ýerleşýän Köne Nusaý hem-de Täze Nusaý diýlip atlandyrylýan iki sany uly galanyň her birinde uly höwes bilen söwda ederler. Haryt alyş-çalşygyny dabaralandyrar. Nusaýyň ady äleme dolan gamyşgulak bedewlerine iň aňrybaş bahalaryny hödürlärler. Olar bu ýerde özlerini juda erkin we bagtyýar duýarlar. Çünki Nusaý Beýik Ýüpek ýollarynyň kerwen gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün edýän edermen türkmen gerçekleriniň mekany. Hormatly Prezidentimiz bu hakykat dogrusynda 2007-nji ýylda türkmen – hytaý gatnaşygyny berkitmek meselesi babatynda sözläninde şeýle diýipdi: «Gadymy döwürleriň esasy kerwenli söwda ýollarynyň türkmenleriň mesgen tutan ýerlerinden erkana geçenligi tötänleýin däldir, olar şol kerwenleriň howpsuzlygyny we myhmansöýüjiligini kepillendiripdirler». Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eserinde bu pikirini ösdürip şeýle diýýär: «Kerwenleriň goragçylarynyň toparynyň merdana türkmen gerçeklerinden düzüleni kem görülmändir. Hatda ol uly kerwenleriň baştutanlarynyň arzuw-matlabyna öwrülipdir. Munuň aňyrsynda türkmen ýigitleriniň merdanalygynyň şöhratynyň daglar aşandygy dur».

Kerwenler Nusaýda irki gadymy dünýäniň, antik döwrüniň iň bir kuwwatly döwletleriniň birini – Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň tabynlygyny eline almagy maksat edinen Gadymy Rimiň kuwwatly bäsdeşine öwrülen Parfiýany görerler. Ady Awesta kitabynda ýazylan, gadymy Gündogarda meşhurlyga eýe bolan iň ýyndam atlaryň ýetişdirilýän mekanyny gözleri bilen görendigi hakynda öz ýurtlaryna baryp, joşup-joşup gürrüň bererler. Kimdir biri ony «Kiçi Siriýa» deňär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gelýän kerweniň türkmen sähralarynyň goýnunda ýerleşen şäherlerdir galalar bilen tanyşlygy hem ykdysady taýdan-da, ruhy-medeni taýdan-da ähmiýetlidir. Şäher yzyna şäher, gala yzyna gala gabat geler. Nusaýdan günbatarlygyna gidýän kerwenli Beýik Ýüpek ýoly Nusaý welaýatynyň düzümine girýän birnäçe obadyr şäherleriň üstünden geçer. Parfiýa döwletiniň ady bilen bagly bolan Paryzdepä bararlar. Alymlaryň ýazgylarynda «parlar – parfiýa – paryz» sözleri peýda bolar. Täjirler ol ýerden oguzlaryň döwrüne mahsus bolan keramika önümleri satyn alarlar. Günbatarlygyna gadam urup, Täk Ýazyr galasynda – Şähryslamda düşlärler. Kerwen ondan Täk Ýazyr galasynyň üsti bilen Parawa tarap rowana bolar.

Kerwenler Nusaýdan Dehistana barýan ýoldaky Paraw şäherinde-de düşlemän geçmez. Dagyň eteginde gurlan bu şäher diwarlary daşyna halkalanan örän berk gala görnüşinde bolup, kerwendäkileriň ýazgysynda öz beýanyny tapar. Paraw şäherini oguzlaryň çölüň etegindäki, Horasan bilen Dehistanyň serhedinde gurlan galasy hökmünde beýan ederler. Şäher beýleki ilat ýaşaýan ýerlerden çetde bolsa-da, kerwenleriň düşlegi üçin we çarwa kowumlaryň howpundan goranmak üçin serhet galasy bolup hyzmat edipdir. Parawdan günbatara barýan ýol Dehistanyň baýrynda bady-sabany görmek isleýänleri Dehistana ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, türkmen ülkesiniň günorta-günbataryna – Maşat-Misseriana elter.

Beýik Ýüpek ýolunyň Ürgenji (Köneürgenji) Wizantiýa hem-de arap dünýäsi bilen birleşdirýän ugurlarynyň çatrygynda ýerleşen, Dehistanyň iň gülläp ösen şäherleriň biridigine aýdyň göz ýetirerler. Kerwensaraýlarynyň juda kändigine haýran galarlar. Kerwensaraýlar juda kän bolanynda-da, olaryň myhmanlary-da edil şonçarak bardyr. Baran ýeriňde goş ýazdyrybermeli däldir. Ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenleriň gatnawy bilen meşhurlyga eýlenen Dehistana gelip görmedikleriň hem ol hakynda ýeterlik maglumaty bardyr. Sebäbi olary bu ýoly geçip, ençeme maglumatlary belligine alan ata-babalary, eýýäm, tanyş edendirler. Dehistan örän baý şäher bolanlygy üçin hem  ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy geň ýagdaý däldir.  Dehistana degişli şäherler Köpetdagyň jülgeleri bilen Hazar deňziniň aralygynda ýerleşýändigi sebäpli onuň goýnundaky söwda ýollary guş gözi bilen seretseň, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi saýylýan ülkesiniň gan damarlary ýaly bolup görner.

Ata-babalarymyz parlaryň şöhratly watany bolan Parfiýadan çykan kerwen parlaryň ýene-de bir şäherini Parawy, dahlaryň ýene-de bir şäheri «Dehistany», ýagny «Dahystany» öz gözleri bilen görerler. «Giden getirer, oturan nyrh sorar» diýip ýaşaýan ildeşlerine türkmenleriň iň irki kowumlary bolan dahlaryň ady bilen baglanyşdyryp, «dahlaryň ýurdy» barada örän gyzykly gürrüňler bererler.

Türkmen sährasynyň goýnunda gurlan şäherdir galalar barada gürrüň edenlerinde ol ýurdy ýene göresleriniň gelýändigini aýdyp, görmedikleriň kalbynda ýakymly arman oýararlar. Türkmen ülkesini görenler hem görmedikler hem armandadyr. Görenleriň ýene-de, ýene-de göresi geler, görmedikleriň bolsa, iň bolmanda birje gezek göresi geler.

Şonuň üçin kerwenleriň yzy kesilmez. Halklaryň we döwletleriň gatnaw ýolunda Beýik Ýüpek ýolunyň iň esasy synasy hasaplanyp, onuň ýüregi adyny almak diňe gelenleriň kalbynda ýene-de göresi gelýän duýgulary oýaryp bilýän ýurda başardýar ahbetin.

Ata-babalarymyzyň dünýäde ykrar edilen milli mertebesini, ýurdundaky şäherleridir galalaryny dabaralandyrmak bilen birlikde, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwürmek üçin «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» eserini sowgat beren hem-de halkara gatnaşyklaryň ýygjamlanmagy bilen bagly amala aşyrylýan beýik-beýik tutumlaryň, ulag-üstaşyr geçelgeleriň gurulmagynyň döwrebap badalgaçysy bolan Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.