Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik
düzüminiň serkerdeleri bilen, bu ulgamda ozal däbe öwrülen okuw-usulyýet ýygnanyşygy
geçirildi. Döwlet ideologiýasyny wagyz-nesihat etmekde terbiýeçilik işiniň
öňünde durýan strategik wezipeleriň we maksatlaryň nukdaýnazary bilen açylan
ýygnanyşyk, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek we harby düzgün-nyzamy
pugtalandyrmak çygrynda dowam etdi.
Ýygnanyşyga gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň
ýanwar-iýun aýlarynda meýilnamalaýyn ýetilen sepgitler dogrusynda doly
hasabatlar bilen çykyş edip, ýylyň birinji ýarymynda geçirilen wagyz-nesihat
işleriniň, guralan harby-syýasy çäreleriň terbiýeçilik ähmiýetini beýan
etdiler.
Şeýle ýygnanyşyklaryň geçirilmeginiň maksady
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby bölüminde edilýän işleri
seljerip, bu babatda öňegidişlikleri gazanmak bolup durýar. Şeýlelikde,
terbiýeçilik işi ýaly asylly, şol bir wagtyň özünde-de jogapkärli wezipe
ynanylan serkerdeler öz zähmet çekýän ýerlerine – harby bölümlerine dolanyp,
Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak
bilen bir hatarda, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň has-da
pugtalanmagyna hem öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
«Milli goşun».