milli goshun logo
Täzeçe işlenilen hüjüm ýaragy
Täzeçe işlenilen hüjüm ýaragy
01.07.2019 1874 Tehnologiýa

«IWI Carmel» hüjüm ýaragy berk we mäkämligi bilen tapawutlanyp, barlaglardan üstünlikli geçen täzeçe ýarag ulgamydyr. Ýarag ähli şertlerde ýokary netijelilik üçin polatdan, awiasiýanyň hiline gabat gelýän alýumin we güýçli urgulara çydamly polimerden ýasalandyr.

Täze ýarag ýokary ot açyş tizligine eýe bolup, gaz bilen işläp, özi ok doldurmak aýratynlygyna eýedir. Ýaragy 267mm, 305mm, 368mm we 406mm-lik dört sany tapawutly nil bilen enjamlaşdyryp bolýar. Ýaragyň ähli metal bölekleri poslama garşy durnuklydyr. «IWI Carmel»-iň kabul edijisi gijäni aýdyňlatmak ukybyna eýedir. Ýaragyň ok toplumy bilen dürbüsini hasap etmäniňde, 3.3 kg agyrlyga eýedir. Täze ýarag harby we hukuk goraýjy edaralarynyň dessin wezipelerinde, gizlin tabşyryklarynda ulanmak üçin has-da amatlydyr.