milli goshun logo
Täze sowutlanan tiz kömek awtoulagy
Täze sowutlanan tiz kömek awtoulagy
07.02.2019 2409 Tehnologiýa

Öňdebaryjy tehnika brendlerini öndürýän «REV Ambulance Group» kompaniýasy özüniň ilkinji ballistik goragly tiz kömek awtoulagy bilen tanyşdyrdy.

«The REV Guardian» atly sowutlanan tiz kömek awtoulagy, howply ýagdaýlara ilkinji sezewar bolanlary halas etmek maksady bilen işlenip düzülen tehnikadyr. Bu bolsa ýaralananlary ballistik howplardan dolulygyna goraýar. Tehnikada ýerleşdirilen ballistik gursakça we başgap bolsa, döşi we kelläni goraýar. Awtoulagda oturdylan aýnalar hem ballistik goraglydyr.

«Sowutlanan harby tehnika meňzemeýän, aýratynlyklary hemişeki tiz kömek awtoulaglary ýaly, howp dörän ýagdaýynda ýaralananlary ýokary derejede howpsuzlyk bilen üpjün edýän bu tehnika dünýä bazarynda talap artar» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belleýär.