milli goshun logo
Täze drona garşy ýarag – «REX-1»
Täze drona garşy ýarag – «REX-1»
20.09.2018 2034 Tehnologiýa

«Zala Aero Group» kompaniýasy «REX-1» kysymly drona garşy ýaragyny tanatdy. Ýönekeý awtomata meňzeş bu ýarag kinetiki bolmaýan tolkunlar goýbermek arkaly dronlaryň öňüni almagy maksat edinýär. Gysga aralykdan uçarmansyz uçarlaryň hereketlerine böwet bolmak üçin hem niýetlenen «REX-1» mobil aragatnaşyk tolkunlaryny hem bozmaga ukyply. Bu bolsa uzakdan dolandyrylýan ýaragdyr partlaýjylaryň täsirini ýitimäge kömek eder.

800 MHz we 5.8 GHz aralygynda 5 aýry tolkun alyjy bilen üpjün edilen toplumyň umumy agramy 4,2 kilograma barabar. Ýaragyň doly batareýasy 3 sagatlap söweşjeň hereketi alyp barmaga mümkinçilik berýär.

«REX-1» drona garşy ýaraga stroboskop, lazer görüş ulgamy, ses we wideo ýazyjylar hem birikdirilen.