milli goshun logo
Söweşjeň taýýarlyk häzirki zaman tehniki serişdeleriniň kömegi bilen alnyp barylýar
Söweşjeň taýýarlyk häzirki zaman tehniki serişdeleriniň kömegi bilen alnyp barylýar
27.02.2020 3922 Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlyk derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän türgenleşik enjamlary ulanylýar. Olaryň kömegi bilen esgerler milli goşunymyzyň zerurlyklary üçin yzygiderli satyn alynýan iň döwrebap harby tehnikalaryny dolandyrmagy öwrenýärler.

Tankçylary taýýarlamak üçin häzirki zaman sanly okuw-türgenleşik ulgamlarynyň ulanylmagy netijesinde, harby gullukçylar aýratynlykda we ekipažlaryň düzüminde türgenleşip bilýärler. Türgenleşik enjamlarynda 3D tehnologiýasynyň ulanylmagy bilen geçirilýän okuw sapaklary esgerlere söweşjeň ýagdaýa ýakynlaşdyrylan şertleri duýmaga mümkinçilik berýär.

Çagyryş boýunça harby gullukçylara hakyky söweşjeň tanklary dolandyrmaga diňe sanly okuw-türgenleşik ulgamlarynda degişli okuwlary geçenlerinden soň rugsat berilýär. Bu düzgün esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrýar we olaryň okuwlary çalt özleşdirmegine ýardam berýär.

Ähli goşun görnüşleri bilen birlikde, howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň şahsy düzümi üçin hem döwrebap sanly okuw-türgenleşik enjamlarynda okuwlar geçirilýär. Sanly ulgamyň üsti bilen esgerler göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny dolandyrmagy öwrenýärler. Harby gullukçylar bu toplumlary  meýdan şertlerinde ulanmaga taýýarlanýarlar. Munuň üçin tejribeli serkerdeler tarapyndan ýörite okuw sapaklary geçirilýär.

Şeýlelikde, dünýäniň iň täze innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny yzygiderli pugtalandyrýar.

 «Milli goşun».