Türkmenistanyň
seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş,
ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini
kesgitlemek we hasaba almak, şeýle hem ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň
täsirini peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip,
«Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi
peseltmek» maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli
çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.
Resminama
laýyklykda, Goranmak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna, beýleki degişli
ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu maksatnamanyň durmuşa
geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
«Türkmenistanyň
nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna»
laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa
geçirmek, nebitgaz pudagynyň edaralarynyň daşary ykdysady şertnamalary boýunça
hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet
konserniniň nebitgaz ýataklarynda gazuw we abatlaýyş işlerinde zerur bolan
dürli görnüşli buraw turbalarynyň 2 müň 424 tonnasyny satyn almak barada
Italiýa Respublikasynyň «ProBusiness S.r.I.» kompaniýasy bilen baglaşan
şertnamasynyň bahasynyň tölege degişli galan bölegini Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek
tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga
gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine
ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.