milli goshun logo
Raketa daşaýjy uçarmansyz uçar
Raketa daşaýjy uçarmansyz uçar
05.03.2019 2825 Tehnologiýa

«Protector RG Mk1» kysymly uzakdan dolandyrylýan uçarmansyz uçary 2020-nji ýylyň ortalarynda ulanylmaga başlanar. «SkyGuardian» kompaniýasynyň önümi bolan uçarmansyz uçaryň uçuş çydamlylygy 40 sagatdan hem gowrakdyr. Uçaryň dokuz ganaty bolup, ol ähli howa şertlerinde uçmaga ukyply. Mundan başga-da amatsyz howa ýagdaýlaryna (ýagyşa, ýyldyryma) garşy goraglylyk ýaly aýratynlyklary bar.

Täze «Protector RG Mk1» kysymly uçarmansyz uçary kompaniýanyň öňden bar bolan «MQ-9B Reaper» kysymly uçarynyň ýaraglandyrylan görnüşidir. Ýagny, bu uçarmansyz uçara takyk hüjüm raketalary ornaşdyrylar. Oňa ýerleşdiriljek «Brimstone» raketasy ýeňil agramly bolup (50 kg), onuň nyşanalary ýokary netijeler bilen urmaga ukyby bar. Geljekde bu uçarlar bombalary ulanmak üçinem niýetlenilip bilner.