milli goshun logo
Psihologiki kämillik – çuňňur bilimiň gözbaşy
Psihologiki kämillik – çuňňur bilimiň gözbaşy
25.05.2020 3362 Harby Bilim

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bilim we terbiýe bermek işlerini guramak ylmy esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Belent Serkerdebaşymyz okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymynyň wezipesini girizmek başlangyjyny öňe sürdi.

Psiholog mugallym – örän jogapkärli wezipe. Ol mekdeplerde okaýan çagalaryň beden hem emosional taýdan rahat bolmagyny üpjün etmeli. Psihologlar harby okuwçylaryň geljekki Watan goragçylary bolup ýetişmeklerinde hem möhüm ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde harby psiholog wezipesi bar. Olar harby okuwçylaryň has gowy bilim almagy üçin zerur şertleri döredýärler. Psihologlar okuwçylary jebisleşdirmäge, olaryň özara düşünişmegini gazanmaga, harby okuwçylarda watançylyk duýgusyny we borjuna wepalylygy ösdürmäge ýardam edýärler.

25-nji maýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Olara Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň psiholog mugallymlary hem gatnaşdylar. Olaryň alyp barýan işleri milli goşunymyzyň geljekki serkerdelerini taýýarlamak üçin gymmatly goşantdyr.

«Milli goşun».