milli goshun logo
Özi hereket edýän gaubisa
Özi hereket edýän gaubisa
17.01.2019 2077 Tehnologiýa

«NORINCO» kompaniýasy özüniň täze SH15 kysymly 155mm 8×8 çekijilikli özi hereket edýän gaubisasy bilen tanyşdyrdy. Gaubisa sowutlanan kabinasy, 6×6 çekijilikli esasy göwresi we onuň arkasyna tirkelen 155m ot-açyjy ýaragyndan ybarat bolup, agramy 22 tonna barabardyr. Bu täze gaubisa ýaraglardan ot açylmagyna we top galyndylarynyň zeper ýetirmelerine garşy goraglydyr. Onuň her gapdalynda iki sany gapysy we öňünde iki sany ok geçirmeýän aýnasy bar.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, bu artilleriýa sistemasynda ähli şertlerde ot açmaga ukyply bolan AH-2 kysymly 155mm/L52 gaubisasyna esaslanylypdyr.

Gaubisanyň her tarapynda ok-däri saklanýan gutusy bolup, onuň ýarym awtomatlaşdyrylan ok-däri doldurýan sistemasy bar. Ol minutda 4-6 tapgyr ot açyp bilýär. Onuň ok-därileri 20 km-e çenli ýetip, artilleriýa tehnikasy bäş kişilik topar tarapyndan dolandyrylýar.