Dürli kynçylykly ýollar üçin niýetlenen
tehnikalaryň täze nesli bolan bu awtoulag barlaglardan üstünlikli geçdi. Tehnikanyň
öňki aýnalaryna söweş meýdanyna girende ulanar ýaly ýokardan açylyp-ýapylýan
sowutlanan ok geçirmeýän gabsa ýerleşdirilen. Tehnikanyň iki tarapynda hem iki sany
uly gapy bar. Arka gapylar iki bölekden ybarat bolup, aşaky bölegi basgançak
wezipesini ýerine ýetirýär. Ýokarky bölegi bolsa ýokarlygyna açylýar.
Tehnikanyň içinde esgerleriň oturýan ýeri partlaýjy maddalara garşy goraglydyr.
Täze 4x4 çekijilikli tehnikanyň dolulygyna polat
bilen sowutlanan göwresi topary 7.62mm kalibrli we ondan kiçi ýaraglaryň
oklaryndan goraýar. Awtoulaga 7.62mm ýa-da 12.7mm mehaniki tüpeňi ýerleşdirip
bolýar.
Täze tehnikanyň standart esbaplarynyň arasynda tekerleriň
basyşyny sazlap bolýan sistema we tehnikanyň öňünde özüni halas ediji göteriji-kran
ýerleşýär. Tehnikanyň söweşjeň agyrlygy jemi 6100 kg-dyr. Tehnikanyň ýokary
tizligi sagatda 130 km/sag-dyr.