milli goshun logo
Minalara çydamly täze awtoulag
Minalara çydamly täze awtoulag
17.01.2019 2971 Tehnologiýa

    «BAIC» kompaniýasy özüniň minalara çydamly täze awtoulagy bilen tanyşdyrdy. B100J kysymly 4×4 çekijilikli sowutlanan awtoulagyň esasy aýratynlyklary ýokary goraglylygy, çaltlygy we harby gullukçylary daşamak üçin amatlylygydyr. Tehnikanyň öz agramy 11 tonna, ýük göterijilik mukdary bolsa 3 tonna barabardyr. Onuň uzynlygy 6,3 metr, boýy hem-de ini bolsa 2,4 metre deňdir. Bu harby tehnikanyň öň tarapky aýnalary ok geçirmeýär. Awtoulagyň her tarapynda bir kiçijek gapysy bar we onuň jemi 10 sany adamy daşamaga mümkinçiligi bar.

    Bulardan başga-da, tehnika 6 tizlik geçirijiligi bilen hereket edip, iň ýokary tizligi 120 km/sag-dyr. Ulagyň minalara çydamly esasy aýratynlygy bolsa, partlama garşy ýörite maddalar bilen doldurylan 160 litrlik ýag gabynyň barlygydyr.