milli goshun logo
Milli ýygyndy toparymyz 3x3 görnüşli basketbol boýunça halkara ýaryşda ikinji orny eýelediler
Milli ýygyndy toparymyz 3x3 görnüşli basketbol boýunça halkara ýaryşda ikinji orny eýelediler
09.09.2019 764 Sport

Şu ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Male şäherinde (Maldiwler Respublikasy) 3x3 «FIBA 3x3 Quest 2019 Final» görnüşli basketbol boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa 16 ýurtdan türgenleriň 64-si, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen bu ýaryşlarda biziň basketbolçylarymyz öz ussatlyklaryny, taýýarlyk derejeleriniň we ýeşňe bolan höwesleriniň ýokarydygyny görkezip, ikinji orny eýelediler hem-de kümüş medallara mynasyp boldular.