Şenbe güni — 8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle-de Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan «akylly» şäherde-de taryhy ähmiýeti bolan beýik işler amala aşyrylýar. Ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän bu asylly işler ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilendir.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanylyşyna degişli birnäçe bellikler aýdyldy we düzedişler girizildi. Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.