milli goshun logo
Milli goşunymyzyň ýaş esgerleri sürüjilik okuw sapaklaryna gatnaşýarlar
Milli goşunymyzyň ýaş esgerleri sürüjilik okuw sapaklaryna gatnaşýarlar
23.11.2019 2339 Harby Bilim

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde gulluk edýän esgerler birnäçe goşmaça amatly mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.  Awtomobil sürmäni öwrenmek üçin tölegsiz kurslara gatnamak hem-de sürüji wezipesine bellenmek mümkinçilikleri hem olaryň hataryna girýär. Häzirki wagtda amala aşyrylýan güýzki çagyryş möwsüminde milli goşunymyzyň hatarlaryny dolduran ýaş esgerler bu mümkinçiliklerden işjeň peýdalanýarlar.

Ýörite ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby bölümlerinde awtoulagy dolandyrmaga höwes edýänler hasaba alynýar. Saýlap-seçilen harby gullukçylardan toparlar döredilýär we Hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdeplere gatnadylýar. Okuwlar iň täze sanly 3D tehnologiýalaryň – awtoulagy dolandyrmagyň hakykata ýakyn görnüşi bar bolan ýörite türgenleşik otaglarynyň kömegi bilen geçirilýär. Okuwy geçenlerinden soň harby gullukçylar ýerli polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň bölümlerinde synag tabşyrýarlar.

Sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolan Watan goragçylary harby bölümlerdäki ýörite awto-rotalara paýlanylyp, diňe bir awtoulaglary dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary bejermegi öwrenmäge hem mümkinçilik gazanýarlar.

– Men çagalykdan bäri sürüjilik şahadatnamasyny almaga höwes edýärdim. Harby gulluga gelenimden soň bu arzuwym hasyl boldy. Okuwy tölegsiz okadym we sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolup, gyzykly hem jogapkärli bolan wezipä girişdim – diýip, çagyryş boýunça harby gullukçy, hatarçy Hydyr Malaýew öz duýgularyny biz bilen paýlaşdy.

«Milli goşun».