milli goshun logo
«Mi-26» dikuçarynyň täze görnüşi
«Mi-26» dikuçarynyň täze görnüşi
07.08.2018 1235 Tehnologiýa

«Mi-26» kysymly dikuçaryň kämilleşdirilen görnüşi «Mi-26T2V» awgust aýynyň aýagyna Moskwada geçiriljek «Army 2018» harby sergisinde ilkinji uçuşyny amala aşyrar. Ozalky görnüşinden tapawutlylykda «Mi-26T2V» dikuçaryna dolandyryşy aňsatlaşdyrmak maksady bilen kämil radio-elektronik ulgam ornaşdyrylan. Bu täze uçuş tehnologiýasy dikuçaryň awtomatiki ýagdaýda uzak aralyga uçmagyna, gonmagyna we howada dürli hereketleri amala aşyrmagyna mümkinçilik döredýär, şeýle hem dolandyryş ulgamynda ýerleşdirilen reňkli köpugurly ekranlar uçarmanlaryň işini aňsatlaşdyrýar.

Geografiki çylşyrymly ýerlerde uçmagy başarýan «Mi-26T2V» dikuçarynyň aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamlaryna hem täze tehnologiýalar ýerleşdirilip, howpy öňünden anyklaýan «Vitebsk» toplumy arkaly dikuçaryň goraglylygyny üpjün etmek hem göz öňünde tutulan.

Dikuçaryň ilkinji uçuşyndan soňra bilermenler gerekli seljermeleri amala aşyryp, «Mi-26T2V-niň» kämilleşdiriliş işlerine dowam etmegi maksat edinýärler.