Oguz türkmenleriniň
beýik Hun döwletiniň hökümdary (hökümdarlyk döwri b.e. öňki 209–174 ý.) Mete hana gadymy atasynyň ady dakylyp,
oňa Oguz han hem diýlipdir. Taryhçy Ö.Gündogdyýew Mete hanyň 35 ýaşynda, ýagny b.e.öňki 247-nji
ýylda tagta çykandygyny ýazýar. Hökümdarlygy döwründe Oguz hanyň häsiýetine
gaty ýakynlygy bilen tanalan, edil şonuň ekiz taýy diýdiren han bolupdyr. Duman
Beýik Ýuwejileriň döwletiniň köşgünde agöýli hökmünde saklanan bu oglunyň
zamunlykdan gaçmagy başarandygyna guwanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli
ilaty dolandyrmaga beripdir. Hökümdarlygynyň başynda ýer sorap yrsaraýan Dunhuanyň
hökümdaryna «Ýer bermeris, ser bereris!» diýip, bu welaýaty özüne boýun
egdiripdir. Mete han ownukly-irili 26 döwleti öz çägine birleşdirip, güýçli
merkezleşdirilen döwleti döredipdir. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi
ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli aralygy öz içine alypdyr.
Mete han goňşy
Hytaý bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýdy. Mete hanyň döwründe iki
döwletiň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatynda hem gatnaşyklar
edilipdir. Hytaý Hunlaryň döwlet edarasy üçin bilimli hünärmenleri taýýarlamakda
ýardam beripdir. Hytaý ykdysatçylarynyň kömegi bilen Hunlar döwlet gurluşynda
salgyt ulgamyny kämilleşdiripdirler. Bu ýagdaý iki döwletiň arasyndaky oňyn
gatnaşyklaryň başlangyjyny düzüpdir.
Hytaý bilen
diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Mete handyr. Hunlar bilen Hytaýyň arasyndaky
«Ýaraşyk we garyndaşlyk» hakyndaky ilkinji şertnama b.e.öňki 198-nji ýylda, has
takygy mundan 2216 ýyldan hem ozal baglaşylypdyr. Biz muny türkmen
diplomatiýasynyň taryhynda belli bolan ilkinji resminamalaryň biri hasaplap bileris. Mete hany takmynan 20
ýaşynda hökümdar bolan hasap etsek, onda ol men diýen wagty, ýagny 31 ýaşynda Hytaý bilen diplomatik
gatnaşyklary ýola goýan bolýar. Meşhur rus alymy N.Ý.Biçuriniň ylmy neşirlerine
salgylansak, bu şertnama Hytaý imperatory Lýu Banyň we Hun hökümdary Mete hanyň
gol çekmekleri bilen hukuk taýdan güýje giripdir. Şertnamanyň asyl nusgasy
saklanyp galmandyr, ýöne şol şertnamanyň ýerine ýetirilişini guramak boýunça
alşylan köpsanly hatlaryň birnäçesi görkezilýär. Agzalan şertnamanyň esasynda
birnäçe ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasyndaky dowam edip gelýän ýaragly
çaknyşyklar bes edilip, iki döwletiň arasynda uzak mahal garaşylan parahatçylyk
gazanylypdyr. Hytaý tarapynyň başlangyjy bilen baglaşylan bu resminama, ilkinji
nobatda, Hytaý döwleti üçin uly bähbide eýe bolupdyr — ol onuň kuwwatly goňşusy
bolan hun türkmenleri bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga oňaýly şertleri
döredipdir. Iki döwletiň arasyndaky bar bolan serhediň goragy babatynda meselä
hem üns berlipdir. Taryhçylar Ö.Gündogdyýewiň, L.N.Gumilýowyň belleýşi ýaly,
taraplar söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy we ösdürmegi talabalaýyk
hasaplapdyrlar. Bu babatda ep-esli üstünlikleri hem gazanypdyrlar. Haryt
alyş-çalyş işleri ýola goýlup, serhetde bazarlar açylypdyr. Şertnama diňe bir
parahatçylyk adalgasy bilen çäklenmän, eýsem «garyndaşlyk» gatnaşyklarda
bolmalydygyny hem göz öňünde tutupdyr.
Hytaý ýüpek hem
nah matalary, şerap, tüwi we beýleki dürli ir-iýmişleri ýollamaga borçlanypdyr.
Çyn-Maçyndan Hun döwletine her ýylda iberilýän peşgeşleriň agramly bölegi
Hunlaryň ýönekeý ilaty üçin niýetlenipdir. Hunlara gelinlige berlen Hytaý
şazenanlary özleriniň ýanlarynda getiren birnäçe kenizleri bilen özleriniň
däp-dessurlaryny hunlaryň han-begleriniň arasynda ornaşdyrypdyrlar.
Mete han hem 35 ýyl şalyk sürüp 174-nji ýylda dünýäden ötýär. Agzalan şertnama ondan 40 ýyl soň hem güýjüni saklapdyr.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.