milli goshun logo
Mertligiň ykrary
Mertligiň ykrary
07.05.2017 2199 Harby Taryh

1945-nji ýylda Berlin derwezesiniň simwolik açary gowşurylan ildeşimiz Sowet Soýuzynyň Gahrymany Allaberdi Agalyýewiň mysalynda türkmenistanly esgerleriň görkezen edermenligi hakda söz.

Özümem haýran, geçen urşuň wakalary hakyndaky ýazgylary taryhçy bolmasagam, umuman, okaýan, olar bilen ýüzleý bolsa-da, heran-haçan mümkinçilik bolanda tanşyp durýan adam hökmünde 1945-nji ýylyň maýynda Berlin derwezesiniň simwolik açarynyň türkmenistanly esgere — Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda önüp-ösen türkmen ýigidine gowşurylandygy barasyndaky habary häzirki güne çenli gulagymyzyň duşundan geçiripdiris. Bu hakda tanyşlarymyň biri ýaňy-ýakynda aýtmadyk bolanlygynda, belki, indiden beýlägem Berliniň derwezesiniň simwolik açary bilen gyzyklanmazdyk. Tanşymyň maňa görkezen «Turkmenskaýa iskra» — häzirki «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň geçen asyryň 90-njy ýylynyň 20-nji noýabrynda çykan, wagtyň geçmegi bilen kagyzy saralyp giden sanyndaky Marat Durdyýewiň «Ýene-de urşuň näbelli sahypalary hakynda» atly makalasyndaky iki agyz söz diýäýmeseň, türkmen esgeriniň mynasyp bolan bu derejesi hakynda suwytly zat ýok. Şol çaklaňja makalasynda awtor moskwaly şahyr Ýewgeniý Dolmatowskiniň ýatlamalaryna salgylanyp, 1945-nji ýylda faşistik süreniň — Reýhiň merkezi şäheriniň derwezesini ilkinji bolup «açanyň» hut türkmeniň Gahryman ogly Allaberdi Agalyýewdigini ýazýar.

Uruşda şäheriň ýa galanyň derwezesiniň açarynyň ýeňijä gowşurylmagy ýeňlen tarapyň doly tabyn bolýandygyny, ýaragyny taşlap, söweş hereketlerini bes edýändigini, ýeňijiniň ýazgarsa gyş, ýalkasa ýaz bolýandygyna kaýyldygyny aňladýar. Muňa harby dilde kapitulýasiýa diýilýär. Şular ýaly wakalar «Görogluda-da» beýan edilýär. Gorkut atada bolsa «Ýedi galanyň kildini alan» diýilýär. Şulardan çen tutsaň, geçmişde-de türkmen dünýäde ençeme şäherleriň, galalaryň açaryny alan halkdyr. Geçen uruşda-da şeýle bolýar: şäheriň açary türkmenlere berilýär.

Munuň özi biziň häzirki döwrümizde ýaşlary mertlik, batyrgaýlyk, edermenlik ruhunda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Şu ýyl ähli progressiw adamzat faşizmden üstün çykylmagynyň 72 ýyllygyny belleýär. 72 ýyl ynsan ömri babatda az wagt däl. Elbetde, bu geçen döwürde täze nesiller kemala geldi. Olara 1941 — 1945-nji ýyllardaky uruş hakda, köplenç, arhiw materiallary, şol sanda gazet-žurnal makalalary arkaly gürrüň bermeli bolýar. Halkyň edermenligini beýan edýän, mundan 50, 60, 70 ýyl öň çap edilen žurnaldyr gazet makalalaryny okanyňda, ildeşlerimiziň görkezen edermenligine baş egýärsiň. Şol makalalarda türkmenistanly esgerleriň batyrlyk, ugurtapyjylyk hem-de mertlik görkezip, harby ýolbaşçylygyň öňde goýan strategik wezipelerini, her nähili kyn bolsa-da, abraý bilen ýerine ýetirendikleri, netijede Ýeňiş gazanmaga saldamly goşant goşandyklary dogrusynda hormat bilen ýazylypdyr. Özi-de şol makalalaryň awtorlary, köplenç, özge milletleriň, ýagny türkmen däl milletleriň wekilleri bolup çykýar. Munuň özi şol makalalarda gürrüňi edilýän wakalaryň, tarypy edilýän edermenligiň, aýdylýan pikirleriň dogrudygyna, olarda hiç bir ulaltmanyň ýokdugyna özboluşly bir subutnamadyr. Ol awtorlar gören zatlaryny, günde-günaşa bolup durýan pajygaly söweşlerde türkmen esgerlerniň özlerini alyp barşyny görüp, synlap, netije çykaryp ýazypdyrlar. Onsoňam, geçen urşa gatnaşan adamlar «ýüz görüp, gapyrga syranlardan» däl, olaryň aýdan sözleri, gazanan Beýik Ýeňişleri ýaly, bize güwä.

Geçen uruşda türkmen ýigitleri özleriniň Alp Arslan begiň, Çagry begiň, Togrul begiň, Görogly begiň nesilleridigini subut etme kemini goýmandyrlar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň söweş ýoly-da häzirki nesiller üçin nusgadyr. Türkmenistanly ýigitler iň ynamdar, borjuna wepaly, sözüne ygrarly bolandyklary üçin geçen urşuň bütin dowamynda hormat gazanyp bilipdirler. Hut şeýle häsiýetleri üçin türkmen ýigidine Berliniň derwezesiniň açary berlendir diýip aýdyp bileris.

1945-nji ýylyň maýynda Reýhstagyň depesinde Ýeňiş baýdagyny dikenleriň atlary hem-de olaryň haýsy milletiň ogullarydygy barasynda soňky döwürde aýratyn äheň berlip aýdylmaýanam bolsa, olaryň edermenligi ençeme onýyllyklaryň dowamynda ýaşlary terbiýelemekde, esasan-da, adamzada ýagy bolup dörän faşizm belasyna garşy durmakda görelde almaly, sežde etmeli gahrymanlyk hökmünde öňe sürlüp gelindi. Bu babatda Sowet Soýuzynyň Gahrymany Allaberdi Agalyýewiň mynasyp bolan derejesi Reýhstagyň depesinde Ýeňiş baýdagyny dikenleriňkiden birjik-de pes däldir, belki-de, ýokarydyr. Sebäbi, duşman süreniniň depesinde baýdak dikmek üçin, ilki şol süreniň derwezesini açmaly. Ine, şeýle hormatyň türkmen milletiniň wekiline rowa görülmegi, seredip otursaň, gaty kän zatlar hakynda gürrüň berýär. Munuň üçin batyr bolmaly, garadan gaýtmaz, dogumly, başarjaň hem güýçli bolmaly. Urşuň bütin dowamynda adyna ysnat getirmän gezen gahryman bolmaly. Bulardan başga, ýene-de belent adamkärçilikli, ýoldaşyna wepaly, ähdine ygrarly, kynçylyklara döz gelýän, watansöýüji we ýene-de kän-kän gowy häsiýetleri özünde jemleýän adam bolmaly. Şol açar şu sanalan häsiýetleriň hemmesiniň türkmen milletinde jemlenendiginiň ykrar edilýändigine subutnamadyr.

1945-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrlarynda «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen iň ýokary tapawutlandyryş derejesine mynasyp bolan Allaberdi Agalyýew geçen uruşda görkezen edermenlikleri bilen türkmen halkynyň, Türkmenistanyň at-abraýyny arşa göteren Watan ogullarynyň biridir. Onuň hem ömür ýoly geçen urşuň ähli hupbatlaryny gerdenlerinde çekip, Beýik Ýeňiş bilen dolanyp gelen gerçekleriňkiden kän bir tapawutlanmaýar. Gahrymanyň ömür ýoluny şertli üç döwre bölüp bolýar: uruşdan öňki, uruş ýyllary hem-de uruşdan soňky döwür. 1914-nji ýylda doglan Allaberdiniň uruşdan öň zähmete söýgi terbiýesini alandygyny aýdyp bolar. Onuň terjimehalynda obada gök önüm we miwe ýetişdirip, ýokary netijeleri gazanandygy, hatda şol ýyllarda Moskwada geçirilýän Bütinsoýuz gözden geçirilişe gatnaşmak üçin saýlanandygy bellenilýär. Uruş ýyllarynda edermenlik yzyna edermenlik görkezip, Gahryman diýen hormatly derejä mynasyp bolýar. Uruşdan soňky ýyllarda bolsa bilimini artdyryp, halk hojalygynda, esasan-da, paýtagtymyzdaky professional uçilişeleriň birinde (häzirki hünärmentlik mekdebinde) ýaşlara hünär-bilim öwredipdir. Gahrymanyň ýaşlara öwreden zatlary bolsa parahatçylykly durmuşy üpjün etmek bilen bagly. Başgaça bolmagy mümkin hem däl. Uruş ýyllarynda bütin Ýer ýüzünde parahatçylykly durmuşy dikeltmek ugrunda söweşen Watan gahrymanlarynyň gyrgynçylykly uruşdan soň nämä esasy üns berjekdikleri düşnükli ahyryn! Bu babatda ähli türkmenistanly Watan goragçylary meňzeşdirler.

Bu gün olaryň hemmesiniň atlary hormat bilen tutulýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda ägirt uly ýadygärlik toplumy gurlup, onda ýylyň bütin dowamynda geçirilýän dürli dabaralarda Watan ogullary hemişe ýatlanylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolanda-da, Ikinji jahan urşunyň gahrymanlaryny hemişe hormat bilen ýatlamagyň asylly nusgasyny görkezdi. Şonda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçylarynyň meýdançasyndaky ýadygärlikler toplumyna baryp, geçen urşuň pajygaly ýyllarynda türkmenistanly esgerler bilen egin-egne berip, faşizme garşy göreşen gazak gerçekleriniň hormatyna dikeldilen ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy. Şeýtmek bilen hormatly Prezidentimiz häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygy berkitmek meselesinde ähli halklaryň bilelikde hereket etmelidigini, şol bir wagtda Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde edermenlik görkezen batyrlaryň milletine we gaýry tapawutlaryna üns bermän, olaryň hemmesini deň derejede hormatlamalydygyny, olaryň edermenliginiň mysalynda ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemelidigini ýatlatdy.

Şu sapardan dolanyp gelenden soň, hormatly Prezidentimiziň gol çeken ilkinji Permanlarynyň biri hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 72 ýyllygyny dabaraly bellemek, şol urşa gatnaşan hem-de tylda gahrymanlarça zähmet çeken weteranlaryň ählisine döwlet derejesinde sylag-hormat etmek barasynda boldy.

Biziň ýurdumyzda atalaryň edermenligi ogullaryň gursagynda ýaşaýar. Şeýdip hem ata pendi wysal bolýar.

Sözsoňy ýerine: şu makala ýazylyp gutarylandan soň hem men Berliniň “açary” bilen gyzyklanmamy dowam etdirdim. Gyzyklanmalarym şu maglumatlaryň üstünden eltdi: 1945-nji ýylyň aprel agşamlarynyň birinde 1-nji Belarus frontunyň tyldaky goşunlarynyň üstünde kiçiräjik bir uçar pessaýlap uçupdyr. Belli-belli ýerlerde bolsa ol uly bolmadyk bukjalary aşak oklap geçipdir. Şol bukjalary ýörite adamlar tapyp alyp, goşundaky syýasy işgärlere gowşurypdyrlar. Ertesi gün ähli goşun düzümlerinde adaty bolmadyk syýasy okuwlar geçirilipdir. Serkerdeleriň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary esgerlere we serkerdelere bukjalaryň içindäkini görkezipdirler: ol täsin görnüşli demirden ýasalan gadymy açar eken.

Bukjalara salnyp, uçaryň kömegi bilen esgerleriň bolýan ýerlerine oklanan şol açarlar 1760-njy ýylda Ýediýyllyk urşuň netijesinde Berliniň derwezesiniň rus goşunlaryna gowşurylan açarynyň nusgalary eken. Biziň ildeşimize gowşurylan açaryň hem şol açarlaryň biri bolmagy örän ähtimal…

Seýitguly GELDIÝEW, 

Türkmenistanyň at gazanan zurnalisti.