milli goshun logo
Mälik şa
Mälik şa
11.03.2019 6291 Harby Taryh

Mälik şa Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň meşhur soltany Alp Arslanyň ogludyr. Ol 1055-nji ýylyň 6-njy awgustynda dünýä inipdir. Onuň dünýä inen ýyly seljuk türkmenleriniň taryhynda ähmiýetli wakalaryň biri bolupdy. Togrul beg şu ýylda Bagdady eýeläpdi. Bagdat halyfy al-Kaýym oňa «Ähli Gündogaryň we Günbataryň soltany» («Soltan maşryk we’l magrib») unwanyny beripdi. Türkmenleriň şeýle şöhrata ýeten ýylynda Alla Çagry bege öz merhemetini eçilip, mynasyp bir agtyk bagyş edipdi. Bu oglanjyga geljekde «Älemi söýgi we abadançylyk bilen özüne tabyn eden soltan» atly hormatly dereje garaşýardy.

Alp Arslan özüniň üşükliligi we käbir artykmaç taraplary bilen beýleki doganlaryndan tapawutlanýan ogly Mälige ýaşlygyndan başlap aýratyn üns beripdir. Onuň bilim-terbiýesini gözden salmandyr. Weziri  Nyzamylmülküň elinde oňa atabeglik terbiýesini beripdir. Şazada ýaşlygyndan at münmek hem-de türkmeniň gadymdan gelýän söweş tilsimleri öwredilipdir. Mälik şanyň atabeglik mekdebinde terbiýelenişi hakda şeýle diýilýär: «Mälik şa, geljekki soltan her günde birnäçe sagat beden hem söweş türgenligini geçer eken. Bary-ýogy bäş-alty sagat ýatypdyr. Ogluna dözmedik ejesi aram-aram:

– Şazadam, senem dynjyňy alaý! Sen şazada ahyry — diýse, Mälik:

– Eger men halkyň öňüne düşmeli bolmasam, şu alan bilimim, ylmym, türgenleşigim ýeterlik bolardy, ýöne men halkyň öňüne düşmeli ahyry — diýipdir».

Kakasy Mälik şany söweşlerde ýanyna äkidip, onda batyrlygy we mertligi terbiýeläpdir. Alp Arslanyň 1064-nji ýyldaky Gürjüstana ýörişi mahalynda 9 ýaşly Mälik şa wezir Nyzamylmülk bilen bilelikde Araz çaýynyň boýundaky Sürmari we Merýemnişan galalaryny tabyn edipdir. Bu geljekki soltan Mälik şanyň ilkinji harby üstünligidi.

Soltan Alp Arslan 1066-njy ýylda Mälik şany tagt mirasdary diýip yglan edipdi. Şol wagt Mälik şanyň 11 ýaşy bardy. Kakasy ýogalyp, tagta çykan mahalynda Mälik şa 17 ýaşyndaky ýetginjekdi.

Mälik şa 1087-nji ýylyň 25-nji aprelinde, ýagny 32 ýaşynda mahaly Bagdat halyfy al-Muktedi Biemrillah uly hormat bilen Mälik şany kabul edip, oňa ýedi sany halat geýdirýär. Halyfyň emri bilen onuň biline iki sany gylyç dakylýar. Bu onuň «Gündogaryň we Günbataryň soltany» diýlip yglan edilmeginiň nyşanydy.

Soltan Mälik şa 1092-nji ýylyň 18-nji noýabryndan 19-yna geçilýän gijesi aradan çykypdyr. Taryhçy Ibn Esiriň maglumatlaryna görä, «beýik türkmen soltany ýogalanda onuň 37 ýaşy bardy. Ol on dokuz ýyl we alty aý soltanlyk etdi». Şu gysga ömründe ol ägirt uly işleri bitirmäge ýetişipdir.

Mälik şanyň döwründe söwdany ösdürmek maksady bilen ýatyrylan salgytlaryň, gümrük paçlarynyň jemi hasaplanyp görlende, ol ýyllyk 600 müň dinara barabar bolupdyr. Söwda kerwenleriniň gapdalyna ýaragly ýygynlar berkidilipdir. Olar kerweniň howpsuzlygyna doly jogap bermeli eken. Bardy-geldi kerwenler talanan ýagdaýynda, kerweniň ýolbaşçysynyň çeken zyýany döwlet hazynasyndan ödelipdir. Söwdagärleriň girdejisiniň belli bir böleginden döwlet salgyt alypdyr.

Beýik soltan Mälik şa Mekgä gidýän haj ýoluna uly ähmiýet beripdir. Mekgä we Medinä barýan ýollar ýörite düşleg menzillerini, myhmanhanalary gurdurypdyr. Haja barýan musulmanlaryň suwsuzlykdan kösenmezligi üçin guýular, çeşmeler, howuzlar gazdyrypdyr. Käbä zyýarata gidýän musulmanlaryň Mekge çölünde oturanlara mejbury tölemeli salgydyny ýatyrdypdyr.

Soltan Mälik şa ekerançylyga uly üns beripdir. Ekerançylykdan gelýän girdejiler söwdanyň ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edipdir. Mälik şa galla ekýän daýhanlary hemme taraplaýyn goldapdyr. Olara tohum we zähmet gurallaryny paýlamak bilen goldaw beripdir.

Orta asyr taryhçysy Ymadeddin Yspyhanynyň ýazmagyna görä, Mälik şa suwaryş ulgamlarynyň dikeldilmegi, kanallaryň gazylmagy, bentleriň, köprüleriň, gala diwarlarynyň gurluşygy üçin ummasyz serişdeleri harçlapdyr. Mälik şa Merw şäheriniň abadançylyna aýratyn ähmiýet beripdir. Soltanyň emri bilen Merw jülgesiniň daşyna 12300 ädim uzynlygyndaky gorag diwarlary aýlanypdyr, 100 müň adamyň güýji bilen Murgabyň suwaryş ulgamy ýarym ýylyň dowamynda doly dikeldilipdir. Merwiň orta asyr galalarynyň biri bolan meşhur Soltangala Mälik şanyň döwründe gurlupdyr.

Mälik şa döwletiň binýadynyň ylymdan tutulmalydygyna düşünipdir. Ylym adamlaryna hemaýatkärlik edipdir. Mälik şa 1074-1075-nji ýyllarda (şol wagt ol 19-20 ýaşyndady) obserwatoriýa gurdurýar. Onda Omar Haýýam, Ebul Muzaffar Isfizary, Mamun bin Nejip al-Wasiti ýaly alymlar işläpdir. Olar ýylnama (kalendar) özgertmesini geçiripdirler. Täze düzen ýylnamasyny Mälik şanyň hormatyna «Jelaly ýylnamasy» diýip atlandyrypdyrlar. Ol ýylnama 30 günlük bolup, 12 aýdan we goşmaça 5 ýa-da 6 günden durýar. Bu ýylnamada ýylbaşyny bahardaky ýylamaga, ýagny Nowruza deňlemek üçin dört ýylda bir goşmaça gün girizilipdir. Jelaly ýylnamasynda 3770 ýylda bir gün, grigorian ýylnamasynda bolsa, 3330 ýylda bir gün ýalňyşlyk bardyr. Diýmek, ol häzir dünýä ýüzünde ulanylýan milady (Grigorian) ýylnamasyndan hem 7 sekunt takykdyr. Özgertmäniň iň möhüm ähmiýeti Aý kalendaryndan hojalyk işlerinde has takyk, oňaýly bolan Gün kalendaryna geçilmegidir. «Jelaly ýylnamasynyň» awtory Omar Haýýamyň şol wagtlar 26-27 ýaşy bardy.

Döwletiň edara edilmeginde «nesihat kitaplarynyň» («Syýasatnamalaryň») örän uly goldawynyň boljakdygyna düşünen Mälik şa 1077-1078-nji ýyllarda döwlet adamlarynyň we alymlaryň arasynda ýaryş yglan edipdir. Bu bäsleşikde wezir Nyzamylmülküň «Syýasatnama» atly eseri örän gowy görlüpdir.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.