milli goshun logo
Maglumat giňişliginde töwekgelçilikler
Maglumat giňişliginde töwekgelçilikler
31.01.2018 3022 Tehnologiýa

Maglumat – bu ähli döwürlerdäki harby hereketlerde garşydaşyň serkerdelerine, goşunlaryna we ilatyna täsir etmek maksady bilen işjeň ulanylan iň netijeli gurallaryň biri. Maglumaty dürli görnüşde we usulda ulanmak arkaly, garşy tarapyň hyzmatdaşlaryny, tarapdarlaryny azaltmak, ýolbaşçylygynyň kabul edýän çözgütlerine täsir ýetirmek, agzyny alardyp güýçlerini bölmek, duşman urşujylarynda gorky we howsala döretmek, olarda ýeňşe bolan ynamyň hem-de goşuna berilýän goldawyň derejesini peseltmek ýaly maksatlara ýetilipdir.

Maglumatlar eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän täze müňýyllykda internetiň ulanylyşynyň dünýä derejesinde ýaýramagy, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giň ulanyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolmagy maglumat torlaryna esaslanýan täze bir ölçegi – maglumat giňişligini emele getirdi. Bu giňişlikde döwletleriň, guramalaryň, dürli maksatly we düzümli toparlanyşyklaryň hem-de aýratynlykdaky fiziki taraplaryň maglumat torlaryny, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny kanuny we bikanun usullarda ulanmak arkaly öz bähbitlerini üpjün etmäge ymtylyşlary häzirki zaman jemgyýetçiligi üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilikler bilen bir hatarda, adaty bolmadyk täze töwekgelçilikleri we wehimleri döretdi. Şu günüň şertlerinde, şeýle mümkinçilikler hem-de töwekgelçilikler, howplar we wehimler diňe bir döwlet, jemgyýet, raýat durmuşynyň  we gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda peýda bolmak bilen çäklenmän, eýsem, harby howpsuzlyk we goranyş çygrynda hem yzygiderli ýüze çykýar.

Dünýädäki soňky harby hereketleriň tejribesi, indi harby maksatlara ýetmek üçin ummasyz çykdajylary talap edýän we köpsanly adam ýitgilerine eltýän, sowutlanan harby tehnikalar we agyr ýaraglar bilen ýaraglanan goşunlary ulanmaklyga daýanýan adaty söweş usullarynyň ýerine, kiber hüjümleriň üsti bilen garşydaşyň aýratyn wajyp döwlet desgalaryny, maglumat gorlaryny we dolandyryş ulgamlaryny hatardan çykarmak ýa-da işini bökdemek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we beýleki maglumat çeşmelerinde wagyz häsiýetli hem-de ýalan maglumatlary ýaýratmak arkaly, halkara jemgyýetçiligine we ýurduň ilatyna ýakymsyz täsirlerini ýetirmek ýaly maglumat giňişliginiň mümkinçiliklerini ulanmaklygyň has ileri tutulýandygyny görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde maglumat gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda hem häzirki döwrüň harby-syýasy ýagdaýynyň derejesini we geljegini esasy kesgitleýjileriň hatarynda görkezilýär. Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzda, «Türkmenistanyň maglumat we kommunikasiýa ulgamyna, internet saýtlaryna ýa-da maglumat gorlaryna kiberhüjümleriň edilmegi» hem-de «Watany goramak çygryndaky taryhy, ahlak we watansöýüjilik däp-dessurlaryny bozmak maksady bilen, ýurduň ilatyna maglumatlaýyn täsir edilmegi» döwletimiziň harby howpsuzlygyna abanýan esasy wehimleriň arasynda agzalýar. «Harby-syýasy maksatlar bilen, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyna, syýasy garaşsyzlygyna, çäk bitewüligine garşy gönükdirilen we halkara parahatçylygyna, howpsuzlygyna, sebit durnuklylygyna wehim salýan hereketleri amala aşyrmak üçin maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak töwekgelçiliginiň peselmegini üpjün edýän şertleri döretmek» bolsa, şol wehimleriň garşysyna göreşmegiň esasy çäreleri hökmünde kesgitlenýär.

Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzdan ugur alyp, döwletimiziň harby howpsuzlygyny kepillendirmek boýunça wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek, şol sanda maglumat täsir ediş usullarynyň we serişdeleriniň barha kämilleşýän we başgalaşýan hem-de diňe bir harby döwürde däl, eýsem, parahatçylyk döwründe hem barha işjeň ulanylýan şertlerinde, maglumat giňişligindäki maglumat-tehniki we maglumat-psihologiki häsiýetli töwekgelçilikleriň, howplaryň we wehimleriň öňüni almak, olara barabar gaýtawul bermek, bu ugurda harby gullukçylaryň umumy düşünjelerini ýokarlandyrmak hem-de ýörite harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri tarapyndan anyk meýilnamalar esasynda, ulgamlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynyň «Merdanalygyň milli mekdebi» atly bölüminde: «Şu ýerde asyrymyzyň häsiýetnamasy bilen baglylykda dörän ýene bir ugur barada aýdasym gelýär. Ol hem maglumatlar söweşidir. Maglumatlaryň asyrynda bu wehimden halas bolmagyň ýoly hem ýene, esasan, maglumatlar bilen baglydyr. Söweşde mert ýeňmek üçin, fiziki güýje we pähime gol salynýar. Bu ýerde hem ýeňşi pähimiň, sowadyň, eserdeňligiň, ýiti üşükliligiň bilen ölçäp bolar diýip pikir edýärin» diýip bellemegi, maglumatlar söweşiniň hemişe alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watana söýgi biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy bolmalydyr» diýen sözlerinden we Watan goragynyň mukaddesligi baradaky pähimlerinden ruhlanyp, milli goşunymyzda şahsy düzüme türkmen halkynyň watansöýüjilige ýugrulan şöhratly taryhyny, milli ruhy gymmatlyklaryny, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny öwretmek, Ýaragly Güýçlerimiziň we halkymyzyň aýrylmaz jebisligini ündemek, harby-tertip düzgüni berkitmek hem-de mukaddes harby borja we harby kasama baky wepaly gaýduwsyz harby gullukçylary terbiýeläp ýetişdirmek bu ugurda goldanylýan esasy ýörelgeler bolup durýar.

Ýagşymyrat KAKAJANOW, maýor.