Birleşen
Arap Emirlikleriniň dört müňden gowrak raýaty ýurduň ilkinji kosmonawtlary
bolmak islegini mälim etdiler. Bu barada BAE-niň «Mohammed bin Rashid Space Centre» kosmos merkezine salgylanyp, «National» neşiri habar berýär. Kosmonawtlary
saýlamak maksatnamasy geçen ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Arzalary
kabul etmek işleri geçen aýyň ahyrlarynda tamamlandy. Dürli kärde
işleýän 17 ýaşdan 67 ýaş aralygyndaky raýatlardan jemi 4022 arza gelip
gowuşdy. Olaryň üçden biriniň zenanlardygy aýdylýar. Ýöriteleşdirilen
geňeş bolsa, kosmonawtlaryň sanawyny düzer, şondan soňra gürrüňdeşlikleri,
lukmançylyk we psihologik barlaglary öz içine alýan saýlawlaryň
nobatdaky tapgyry başlar. Netijede, şu ýylyň ahyryna çenli resmi
kosmonawt bolmaly, soňra bolsa, indiki ýyldan başlap uçuşa taýýarlyk
görmeli dört dalaşgär saýlanyp alnar. Taýýarlyk işleri iki ýyla çeker.
Birleşen Arap Emirliklerinden ilkinji kosmonawtyň 2021-nji ýylda
kosmosa uçurylmagyna garaşylýar.