milli goshun logo
Köpugurly sürüjisiz harby tehnika
Köpugurly sürüjisiz harby tehnika
24.06.2018 1558 Tehnologiýa

«Horiba Mira» özüniň täze sürüjisiz guryýer harby tehnikasy bolan «Centuar-y» köpçülige tanatdy. Ýeňil harby tehnikalaryň hataryna girýän «Centuar» söweşjeň hereketleriň dowamynda dürli görnüşli ýükleri daşamak maksady bilen taýýarlanyldy.

Pariž şäherinde geçirilen «Eurosatory 2018» atly sergide ilkinji gezek görkezilen bu tehnikanyň uzynlygy 3 metre deň bolup, tizligi sagatda 40 kilometre, şeýle hem agramy 2 tonna, beýikligi bolsa 1 metre barabar. «Centuar» agramy 600 kg-a, beýikligi bolsa 1,8 metre çenli ýükleri daşamaga mümkinçilik berer. Bu tehnika, gerekli bolan halatynda elektrik energiýasy bilen üpjün edýän akkumulýator hökmünde hem ulanylyp bilner.

Kompaniýanyň dolandyryjylary «Centuar-y» ýasama partlaýjy serişdelerini ýüze çykarmakda, ýarag stansiýasyny uzakdan dolandyrmakda, gerekli bolan ýerlere esger kömegini ýetirmekde şeýle harby tehnikanyň zerurdygyny nazara alyp işläp taýýarlandyklaryny beýan etdiler.