2018-nji ýylyň
23-26-nji maýy aralygynda Astana şäheriniň Halkara aeroportynyň harby
sektorynda (ganatynda) KADEKS-2018 ady bilen bäşinji halkara harby tehnikalaryň
we enjamlaryň sergisi geçirildi. Bu sergi 2010-njy ýyldan bäri her ýylda 2
gezek geçirilýär. Serginiň 2018-nji ýylda geçirilen nobatdaky tapgyry
Gazagystanyň Goranmak ministrligi bilen aerokosmos senagaty tarapyndan ilkinji
gezek bilelikde taýýarlandy. Bu giň gerimli halkara çärä 40 ýurduň, 108 daşary
ýurt kompaniýalaryň başlyklarynyň resmi delegasiýalary gatnaşdy. Olaryň 3000-e
golaýy harby-diplomatik wekillerdir. Kompaniýalar çäräniň myhmanlaryny gury ýer
enjamlaryň desgalarynyň 124 sanysy, uçarlaryň 18 görnüş hem-de dronlar bilen
tanyşdyrdylar. Görkezilen 10 pawilýonyň içinde Hytaý, Russiýa, Türkiýe,
Gazagystan döwletleriniň ýokary enjamlarynyň eksponatlary ýerleşdirilendir.
Serginiň taryhynda ilkinji gezek älem enjamlaryna bir pawilýon tutuşlygyna
bagyşlandy. KADEX-2018-iň netijesinde – taraplar harby-tehniki, kiberhowpsuzlyk
we kosmosy özleşdirmek ugurlaryň hyzmatdaş gatnaşyklaryny kämilleşdirjek
şertnamalary we ylalaşyklary baglaşdylar.