milli goshun logo
«K600» goşunyň howpsuz hereketini üpjün eder
«K600» goşunyň howpsuz hereketini üpjün eder
16.09.2018 1514 Tehnologiýa

Guryýerde ýöreýän harby tehnikalary öndüriji «Hyundai Rotem» kompaniýasy 12-16-njy sentýabr aralygynda geçirilen «DX Korea 2018» atly sergide özüniň täze harby inžener tehnikasyny köpçülige hödürledi.

«K600» kysymly bu tehnika söweşjeň zonalarda goşuna gerekli bolan gurluşyk işlerini amala aşyrmak, minalary we dürli häsiýetli päsgelçilikleri hatardan çykarmak, artilleriýa we söweşjeň harby tehnikalary üçin ýer taýynlamak ýaly wezipelerde ulanmak üçin işlenilip taýýarlanyldy.

Gyzyklanma bildirýänler aýratyn meýdançada bu ulagyň hereket häsiýetnamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.

1 200 AT GÜÝJI

Kompaniýa tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä «K600» harby ulagynyň agramy 62 tonna barabar. 1 200 at güýjine eýe bolan hereketlendiriji bu ulagyň sagatda 62 kilometr tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik döreder.

«K600» 30 santimetre çenli gömülen – adaty we tanka garşy ulanylýan – minalaryň ýerini kesgitläp, olary zyýansyzlaşdyrar, şeýle hem ýerleşdirilen ulgam arkaly goşunyň hereket ugryny arassalap, ýoluň howpsuzdygyny aňladýan ýörite nyşanlary ýerleşdirer.