milli goshun logo
Jeň meýdanynyň jöwheri
Jeň meýdanynyň jöwheri
24.09.2018 6616 Harby Taryh

Taryhçy Muhammet ibn Wasyl özüniň «Eýýuplylar taryhy» (Agabat-2004 ý.) atly kitabynda Hama hökümdary Mälik Mansur Nasyreddin Muhammet ibn Mälik Muzaffar Takyýeddin Omar ibn Şahanşa ibn Eýýubyň: «Gylyç ýöriş edip, musulmana ezýet berip, ýurdy giňeltmek üçin däl-de, öz ýurduňy duşmandan goramak üçin gerekdir» diýen sözlerini getirýär. (Görkezilen neşir, 218-sah.).

Gylyja berlen bu kesgitlemäni sap parahatçylyksöýüjilik nukdaýnazaryndan alanyňda inkär edip bolmajak derejede dürs aýdylan söz – pikirdir. Özi-de parahat, asuda ýaşaýyş-durmuş ýörelgesine eýeren her bir adam, her bir halk üçin ikelläp kabul ediläýmeli pikirdir. Ýöne, hernäçe derejede dogry bolsa-da, dünýä bilen gözli ýaşyt taryhda hemişe bu dogry ýörelgä eýerilip durulmandyr. Has düşnükli edip aýdanda, kimler–ä ony – gylyjy Mälik Mansuryň aýdyşy ýaly, öz topragyny, il-ýurduny, öý-ojagyny goramak üçin ulanypdyr, kimler, meselem, Aleksandr Makedonlydan başlap, aýdaly, tä Çingiz hana çenli, hem-de şonuň döwründe ata çykanlaryň onlarçasy bolsa, gylyjy goranmak üçin däl-de, bet niýetlerini amala aşyrmak maksady bilen ulanypdyrlar.

Şu jähetden çemeleşilende, biziň üçin Mälik Mansuryň ýokarky sözleri gysga ömri gazaply göreşlerden, şöhratly ýeňişlerdir ahmyrly ýeňlişlerden doly, 21 ýaşynda dargap barýan uly  hökümdarlygyň eýeçiligi ynanylan, Köneürgenç türkmen döwletiniň iň soňky soltany Jelaleddin Meňburnyň söweşler bilen geçen ömür ýolunda eden hereketleriniň, gazanan üstünlikleriniň, uçran şowsuzlyklarynyň sebäplerini içgin öwrenmäge, bu çylşyrymly   şahsyýetiň içki dünýäsine, başdan geçiren ruhy ahwalatlaryna düşünmäge açar bolup hyzmat edýändigi bilen gymmatlydyr.

Eýsem, Jelaleddin kim?! On üçünji asyrdan tä şu güne çenli mongol-tatar çozuşlary hem-de olara garşy alnyp barlan göreşler barada iş ýazan türki, pars, arap, rus, türkmen, türk, özbek, gruzin, galmyk we beýleki taryhçylardyr ýazyjylar Jelaleddiniň şahsyýeti, häsiýetiniň ýagşy we ýaramaz taraplary barada dürli-dürli onlarça maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. Bu babatda orta asyr taryhçy alymlary, beýan edilýän wakalaryň içinde bolup, köp zatlara şaýat bolan Yzeddin ibn Esiriň, Muhammet Nesewiniň, Atamälik Juweýniniň, Muhammet ibn Wasylyň galdyran maglumatlary aýratyn ähmiýetlidir. Ol maglumatlarda Jelaleddiniň uçursyz batyrlygy, garadangaýtmaz merdanalygy, sowukganly, aljyramagy bilmeýän strateg serkerdedigi, ýumşak hem dözümsiz, ýowuz hem rehimsiz, geçirimli hem gazaply bolandygy barada delillere daýanmak esasynda giňişleýin gürrüň berilýär. Biziň maksadymyz Jelaleddine berilýän ýokarky häsiýetleriň haýsydyr birini makullap, başga birlerini inkär etmek däl-de, «bir adamda şeýle köp häsiýetiň jemlenip bilmegi mümkinmi?» diýen sowala jogap tapmaga synanyşmakdan ybaratdyr. Eger şu maksada amal etmek başartsa, onda biziň Jelaleddiniň nämäniň hatyrasyna ömrüni göreşlere bagyşlandygynyň sebäplerine, eýelän durmuş ýörelgeleriniň nämelerden ybaratdygyna, onuň şeýle ýoldan başga ýoly saýlap almak mümkinçiliginiň we isleginiň bolandygyna ýa-da bolmandygyna düşünmegimiz hem mümkindir. Eger, şu sowallara düşünip bilsek, onda Jelaleddiniň gylyjy haýsy maksat bilen ulanandygyna hem göz ýetireris.

Gürrüňimizi ilki bilen Jelaleddiniň taryhy sahna gelşinden başlalyň.

Bar bolan maglumatlara görä, Çingiz hanyň Orta Aziýa aralaşmazyndan ozal Jelaleddin hem Horezm şasy Alaýeddin Muhammediň edil beýleki ogullary ýaly adaty köşk durmuşynyň howasyndan dem alyp, kakasynyň hökümdarlygynyň datly miwesiniň hözürini görüp ýören şazada hökmünde suratlandyrylýar. Onuň dünýä inişi, çagalykdaky terbiýelenişi, ýigit çykýança özüni nähili alyp barandygy barada ýeterlik maglumat ýok. Ýöne onuň edenlilik babatda ýaşlykdan özünden kiçi beýleki enebaşga doganlaryndan tapawutlanandygy, aw etmegi söýendigi, ejizleri goldandygy barada käbir maglumatlar duş gelýär. Şeýlelikde, tä mongollar Horezm döwletiniň çäklerine çozup girýänçäler Jelaleddiniň şahsyýeti kölegede galýar. Ol ýurduň üstüne howp abanan döwürlerinde, gelýän ýagyny nähili garşylamalydygy baradaky mesele bilen ýüzbe-ýüz bolnanda taryh sahnasyna çykýar. Gynandyrýan ýeri, bu pursatda-da onuň duşmany ýurduň araçäk serhetlerinde garşy almak baradaky teklibi ýol almaýar. Hemişelik düzümi tas ýarym million adama barabar bolan, beýleki döwletler bilen deňeşdirilende, san taýdan döwrüniň iň köp sanly goşuny elinde bolan Muhammet şa özüniň emelsiz nalajedeýinligi zerarly heniz aýgytly söweşler ýaýbaňlanmanka ýurduňam, goşunyňam ykbalyny küle çökerýär. Diňe, suw seňrikden agandan soň, ýagny döwletiň Samarkant, Buhara, Köneürgenç, Merw ýaly uly hem kuwwatly şäherleri synandan ýa-da ol şäherler duşman tarapyndan doly gurşalyp alnandan, hut Muhammediň öz ýalňyşlygy sebäpli böleklere bölünen goşunyň ysgyny gaçandan soň, Muhammet şa ýakyp-ýandyryp gelýän aýylganç howpuň öňünden çykyp, oňa gaýtawul bermegiň hötdesinden gelmäge diňe, Jelaleddiniň mynasypdygyny ykrar edýär. Şundan soň ol Jelaleddiniň biline hut öz eli bilen soltanlyk guşagyny hem-de gylyjyny dakýar. Ýöne eýýäm giçdi. Ilatam, goşunam diňe bir fiziki taýdan däl, iň esasy ruhy taýdan egbar hala düşüpdi. Indi olarda Horezm döwletiniň kuwwatly hökümdarlykdygy baradaky ynamy täzeden döretmek, şeýdibem halky hem-de goşuny düwlen ýumruk ýaly bir ýere jemlemek örän kyndy. Muňa garamazdan, atasy tarapyndan soltanlyk mirasdüşerligi ynanylan Jelaleddin aýgyt bilen orta çykýar. Ol Köneürgenjiň gabawdadygyna, bu wagt dawa–jenjeliň däl-de birleşmegiň wagtydygyna garamazdan, doganlarynyň tagt ugrundaky ölüp–öçüp barmalaryna ähmiýet bermän, hem-de garşysyna guralýan dildüwşük zerarly, özüniň ykta – mülk ýerine – Gazna sary ýola düşýär. Maksat – dargap, pytran goşuny jemläp, güýç toplap, mongol-tatarlaryna berk gaýtawul bermek, ýurdy olardan halas etmek. Şu niýet bilen üç ýüz atlysy bilen Köneürgençden çykyp ýola düşen Jelaleddin heniz Gazna ýetmänkä, Nusaýyň eteginde mongol-tatarlarynyň ýedi ýüz atlydan ybarat goşuny bilen ýüzbe–ýüz bolýar. Bütinleý Jelaleddiniň peýdasyna gutaran bu gazaply garpyşyk oňa örän möhüm, diýseň wajyp bolan ýeňşi getirýär. Kiçi bolsa-da, aýny wagtynda gazanylan bu ilkinji ýeňşiň ähmiýeti uly söweşleriňkiden asla peslär ýaly däldi. Çünki, bu ýeňiş mongollaryň ýeňilmezekligi, olara peýkamyňam, gylyjyňam, asla hiç zadyň kär etmeýändigi baradaky mifiki – howaýy toslamany, myş–myşlary püçege çykarypdy. Umytsyzlyga uçran halkyň galkynmagyna, ahmyr–armanda galyp, gaçyp–tezip ýören serdar–serkerdeleriň gaýtadan aýgyt bilen ata çykyp, Jelaleddiniň tugunyň astyna jemlenmegine itergi beren bu ýeňiş Jelaleddiniň geljekki uly ýeňişleriniň başlangyjy bolup hyzmat edipdi.

«Soltan Jelaleddin Meňburnyň ömür beýany» (Aşgabat -2001ý.) atly eseriň ýazary, tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli Jelaleddiniň ýanynda onuň mürzesi bolup gezen Muhammet Nesewi on bir ýylyň içinde onuň (Jelaleddiniň) «taryha ýaň salan on dört sany uly söweşde üstün çykanlygy» barada ýazypdyr (Görkezilen kitap, 8-sah.). On bir ýyl diýende Nesewi 1220-1231-nji ýyllary göz öňünde tutýar. Çünki, Jelaleddin ýigrimi bir ýaşynda, 1220-nji ýylda soltan diýlip yglan edilýär hem-de 1231-nji ýylda pajygaly ýagdaýda wepat bolýar.

On bir ýylda on dört ýeňiş, bu elbetde, az däl. Ýöne gürrüň diňe bir ýeňişleriň sanynda däl-de, olaryň ahyrky netijesinde. Ynha, şu meselede welin, Jelaleddiniňki ugruna bolmandyr.

Näme üçin?! Bu sowalyň onlarça jogaby bar. Ol jogaplaryň haýsysyny esasy, haýsysyny ikinji ýa üçünji derejeli hasaplamak çetin. Çünki, duşmany özüne gelmez derejede agyr ýitgä sezewar eden ýeňişler (mysal üçin Perwana, Gazna, Yspyhan söweşleri) dowam edibermeli ýaly welin, näme üçindir, haýsydyr bir olja üstündäki agzalalyklar, oňşuksyzlyklar zerarly, güýçler bölünip, goşunyň kuwwaty pese düşýär ýa-da bütinleý diýen ýaly dargap gidýär. Onsoň ýene-de Jelaleddiniň sergezdançylykly durmuşy, goşun jemlemek, ony azyk-suwluk bilen üpjün etmek aladalary başlanyp, duşmana garşy göreş ikinji nobata geçýär duruberýär.

Muhammet şadan göwni galan, Jelaleddiniňem güýçlenip, ozalky soltanlygy doly dikeltmegini isläp barmaýan Bagdat halyflarynyň ýeriň astyndan alyp baran ikiýüzli syýasaty hem Jelaleddiniň gazanýan ýeňişleriniň berkäp gidibermegine böwet bolan sebäpleriň biridir.

Köneürgenç döwletiniň ýykylmagy zerarly ozal oňa golasty bolan ýurtlaryň, şäherleriň hökümdarlarynyň dörän başagaýlykdan peýdalanyp, öz häkimliklerini, baýlyklaryny, ýerlerini artdyrmak, giňeltmek ugrunda özaralarynda biri–biri bilen, şol sanda birleşip, Jelaleddiniň garşysyna söweş alyp barmaklaryny hem Jelaleddiniň döwleti keseki basybalyjylardan azat etmek ugrunda alyp barýan göreşleriniň şowsuzlyklara uçramagyna getiren esasy sebäpleriň sanawyna goşup bolar.

Bir wagtda birnäçe frontda – hem mongol-tatarlarynyň, hem özüne garşy baş göterenleriň, hem özüne tabyn bolsalar-da adam, at-ýarag bermekden boýun gaçyran şäherleriň, galalaryň hanlarynyň, hökümdarlarynyň garşysyna söweş alyp barmaly bolan Jelaleddiniň kä halatlarda aşa ýowuzlyga ýüz urup, halky özünden daşlaşdyrmagy, galalaryň ilatlaryny özüne garşy goýmagy hem onuň gutarnykly ýeňiş gazanmagyna päsgel beren sebäpleriň ýene birisidir.

Ynha, esasy sebäpler şu sanalanlardan ybarat diýilse dogry bolsa gerek.

Görnüşi ýaly, Jelaleddiniň höwes eder, gözüň gider ýaly güni ýok. Elbetde, ol başardygyndan, öz dogry hasap edişi ýaly hereket edýär. Ýöne Merkezi Aziýadan Kiçi we Alynky Aziýa çenli yklymyň ýurtlaryny bir tuguň astyna jemläp, olary umumy duşmana garşy göreşe aýaga galdyryp bilmändigi üçin hem hernäçe gaýduwsyz söweşse-de, ol baş maksadyna – mongol–tatarlaryny düýbi–teýkary bilen ýok edip, ýurtdan çykarmak arzuwyna ýetip bilmeýär. Ýokarda sanalan sebäpleriň aradan aýrylmadyk ýagdaýynda bu maksadyň amala aşmagy mümkin hem däldi.

Köşksüz hökümdar, tagtsyz soltan bolup ýaşan hem-de dargan hökümdarlygy – Eýrany, Owganystany, Azerbaýjany, Kawkazy, Müsüri, Yragy, Siriýany, Rumy atly söküp, bir gün ol ýerde, bir gün bu ýerde, açyk meýdanlarda gurlan çadyrlarda dolandyryp geçen Jelaleddiniň asylly maksada gulluk edendigini onuň garşydaşlary hem ykrar edipdirler. Mysal üçin, boýdan-başa Jelaleddiniň garşysyna göreşip gezen Damaskyň şol wagtky hökümdary El-Mälik el-Eşrefe Jelaleddiniň ölümini hoş habar hökmünde buşlanlarynda ol: «Meni Jelaleddiniň ölümi bilen gutlaýaňyzmy? Siz entek bu etmişiňiziň «miwesini» dadarsyňyz. Alladan ant içýärin, Jelaleddiniň ölümi tatarlaryň–mongollaryň yslam ýurduny almagy ahyry. Indi içimizde Köneürgenç şasy Jelaleddin ýaly — Äjit–Mäjitler bilen arada pena bolup, diwar bolup biljek beýik serdar ýok!» diýip, jogap berýär  (Muhammet Nesewi. Görkezilen eser, 578-sah.).

«Jelaleddiniň batyrlygy barada Çingiz hanyň aýdan şu aşakdaky: «— Ine, atanyň ogly şeýle bolmalydyr. Iki girdabyň odundan geçip, halas boluş kenaryna özüni atdy. Ol uly işleri we sansyz tolgunyşyklary amala aşyryp biler. Şeýle akylly adamdan dana adam nädip gapyl galsyn?!» diýen sözlerini köpler bilýändir. (Atamälik Juweýni. Älemi eýeleýjiniň taryhy. II-tom. 139-sah.).

Jelaleddiniň gaýduwsyzlygyna «telpek goýan» mongol serkerdeleri Çingiz handan başga-da bolupdyr. Ynha, şolaryň käbirleriniň aýdan sözleri: «Soltan daralyp gelyän gabawa özüni urup, sagyna–soluna, öňüne gylyç, gürzi, naýza urup, özi üçinem, yzyndaky nökerleri üçinem ýol arçady, şeýdibem gabawyň garnyny ýaryp, ýigitleri bilen çykmagy başardy.

Lagnat siňen tatar serdary Taýnal Noýon soltanyň gaýduwsyzlyk bilen gabawdan çykyp barşyny görüp, gylyjyny somlap: «Sen nirede bolsaňam, nähili gabawa düşseňem başyňy alyp çykarsyň! Sen hakykatdan-da zamananyň meşhur gahrymany, döwürdeşleriň iň  beýik serdary!» – diýip, onuň edermenligine, batyrgaý söweşişine aňk bolup aýdypdyr» (Muhammet Nesewi. Görkezilen eser. 259-sah.).

«Bu söweşde (Yspyhan söweşinde.) mongollar masgara bolup ýeňildiler. Olaryň köpüsi öldürilip, galany ýesir alyndy. Soňra Jelaleddin Reýe gitdi we ol ýerdäki mongollaram gylyçdan geçirip, örän köp ýesir aldy. Çingiz hanyň ogly Ilhan Soltan Jelaleddiniň ýanyna ilçi goýberip: «Meniň esgerlerim bu ýurtlarda kimiň Soltandygyny ýatdan çykardylar. Emma sen olara kimiň kimdigini ýatlatdyň» diýýär. (Muhammet ibn Wasyl. Görkezilen kitap.147-sah.)

Umuman, Jelaleddiniň batyrlygyny inkär edýän maglumata duş gelmek kyn. Edil şonuň ýaly-da taryhçylar onuň garşydaşyny äsgermezçilik etmändigini, ol kim bolanda-da, hatda öz janyna howp abanan halatlarynda-da garşydaşyna hormat goýup, onuň söweş çakylygyny kabul edendigini ýazýarlar. Mysal üçin: «Hilat gabawy dowründe Müjüretdin Yakup ibn el-Mälik al-Adyl Abu Bekir ibn Eýýup soltany (Jelaleddini) gepleşige çagyrdy. Soltan Hilatyň tabynlyga razylygy barada söz aýdar öýdüp, onuň bilen gepleşmäge razylyk berdi. Emma soltan gepleşige baran mahaly Müjüretdin: «Bedibagtlyk etjek işini etdi, gahar–gazap gynyndan çykyp, uruş ody lowlady. Iki tarap dikleşip, iki tarap hem ysgyndan gaçdy. Sen meniň bilen ýekme-ýek söweşe çyksaň, bu bedibagtlyga şeýdip nokat goýsak nähili görýärsiň?» diýdi.

Soltan: «Haçan çyksaň, men taýyn» diýdi.

Ol: «Ertir irden söweşe çykaly» diýip, jogap berdi.

Soltan ertir irden söweş geýimlerini geýip, taýyn boldy. Bu habary eşidip, dessine Şeref el-Mülk onuň ýanyna barýar we: «Müjüretdin nire, soltan nire, ol asla saňa taý däl, ol seniň bilen söweşe çykmaga mynasyp däl, ol seniň guluň! Gul bilen soltana ýekme-ýek söweşe çykmak bolmaýar. Eger soltan onuň bilen başa-baş  söweşe çykyp, ony ýeňeninde maksadyna ýetip bilsedi, men onda razy bolardym. Emma onuň öleni bilen hilatlylar galany bermezler. Müjüretdin hökümdarlar neberesinden bolsa-da, barybir ol soltanyň tabynlygyndaky kişi» diýdi.

Soltan: «Hawa, ol seniň aýdyşyň ýaly kişi. Emma bir kişi seni başa-baş söweşe çagyrsa, heý, söweşe çykman bolarmy? Ol meni söweşe çagyrdy, men onuň kimdigine garamazdan, teklibini kabul edýärin, eger onuň süňňi pes diýip söweşe çykmasam, ol oňa bahana bolup görner. Men näme, başa-baş söweşe ilkinji ýola çykyp görýänmi!» – diýip, weziriň teklibini ret edip, ýeke özi atlanyp, belleşilen wagty, belleşilen ýere – Hilatyň Bitlis derwezesiniň agzyna baryp, özüniň gelendigini duýdurýar. Emma Müjüretdin är bolup söweşe çagyrsa-da, är bolup çykmagy başarmaýar. Gaýta hilatlylara soltany atdyrýar. Hilatlylar dumly-duşdan soltany ýaý okuna tutýarlar. Müjüretdin gelmäninden soň, soltan yzyna gaýdyp gelýär. (Muhammet Nesewi. Görkezilen kitap, 359-sah.).

Jelaleddiniň köp taraply häsiýetleriniň ýene biri barada durup geçmegi zerur hasap edýäris. Ýaşlykda alan terbiýesindendir diýmek kyn, ýöne onuň gazaply söweşlerden doly ýowuz durmuşynyň kemala getiren häsiýeti bolaýsa gerek diýdirýän bir häsiýeti ünsüňi çekýär. Ol häsiýet hem Jelaleddiniň elpe-şelpe köşk durmuşyny gaty bir halap barmandygyny görkezýän häsiýetidir. Onuň bu häsiýetini Muhammet ibn Wasyl ýokardaky agzalan kitabynda: «…Soňra Soltan Jelaleddin Muzaffareddin Özbek ibn Pälwanyň gurduran seýilgähinde gezim etdi. Bu ýerde owadan güller hoşboý ys berip, bilbiller saýraşyp otyrdylar. Jelaleddin bu ýerlere aýlanyp: «Bu ýer ýaltalar üçin niýetlenendir, bu ýer bize laýyk däldir» – diýip, seýilgähden çykyp gitdi  diýip, gürrüň berýär. (262-265-sah.).

Jelaleddin Meňburnyň ýanynda bolup, onuň ömür beýanyny ýazan Muhammet Nesewi Jelaleddini: «Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady. Onuň batyrlygy, edermenligi barada aýdyp tükedip bolmaýar, ýöne ýokardaky beýan eden söweşlerimiz hem onuň niçiksi gerçekdiginden habar berýändir. Ol arslanlaryň arslanydy, gaýduwsyz, garadangaýtmaz edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek-sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi, emma onuň zamanasy pis bolup, bulagaýlyklaryň, uruş-gowganyň örjelen zamany bolansoň, onuň häsiýetine täsirini ýetirdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursady bolanyndan soň, güýje daýanyp, zorluk etmäge-de mejbur bolupdy diýip häsiýetlendirýär. (Muhammet Nesewi. Sultan Jelaleddin Meňburnyň ömür beýany. Aşgabat.2001. 455-sah.).

«Eýsem Jelaleddiniň mongollar bilen ylalaşyga gelmegi, ýaraşyga girmegi mümkin dälmidi?» diýen sowal köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Elbetde, mümkindi, eger-de muny Jelaleddin islän bolsa. Ýöne weýran edilen şäherdir obalar, dökülen gözýaşlardyr ganlar, depelenen namyslardyr köýen arlar göz öňünden gitmeýän Jelaleddin islendik şertde-de duşman bilen ylalaşyga girmezdi. Munuň şeýledigine Jelaleddiniň mongollara ýesir düşüp, Juçynyň aýaly bolan aýal dogany Hansoltanyň hatyny jogapsyz galdyrmagy hem güwä geçýär. Hansoltan hatynda dogany Jelaleddine mongollara tabyn bolmagy hem, ýaraşmagy hem ündemeýär. Şonuň bilen bir wagtda göreşi dowam etdirmäge-de çagyrmaýar. Bir söz bilen aýdanda ol çözgüdi Jelaleddiniň özüne goýýar. Ynha, şol hatyň gysgaldylan mazmuny. «Şol döwürde ýene şeýle waka boldy: Alaeddin Muhammediň gyzlarynyň iň ulusy Hansoltan… tatarlaryň goluna ýesir düşüpdi. Hansoltany Juçy han özüne aýal edinip alypdy, ondan hem birnäçe çaga bolupdy. Juçy han öleninden soň Hansoltan tatarlar, olardaky täzelikler, ýagdaýlar barada öz dogany Jelaleddine maglumat iberipdi. Ol öz iberen maglumatyna ynanarlar ýaly kakasyndan galan pöwrize gaşly, soltanyň ady köwülip ýazylan ýüzügi alamat hökmünde hatyny ýollan adamsyna berip goýberipdir. Ol kişi soltan Hilaty gabawa salanynda geldi. Hansoltan agasyna şeýle nama ýollapdy: «Al-hakan meniň çagalaryma öwretmäge perman berdi. Oňa seniň döwletiň güýji-kuwwaty baradaky habar gelip dur. Ol seniň ýurduň ummasyz giňdigine, nökerleriň kemsiz ýaraglanandygyna, döwletiňiň kuwwatlydygyna göz ýetirdi. Şonuň üçinem ol seniň bilen garyndaşlyk açyp, dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak isleýär. Al-Hakan özüne Jeýhun derýasynyň bäri tarapyndaky ýerleri alyp, derýanyň aňyr tarapynyň seniňki bolmagyna yrza, ol seniň bilen şeýle halda şertnama baglaşmak isleýär. Eger sen ondan rüstem geljegiňe gözüň ýetse, onuň bilen är kimin söweş, aryňy al! Eger sen ony ýeňip bilseň göwnüň islegine görä çäre görüp bilersiň. Eger ony ýeňip bilmejekdigiňe gözüň ýetse, onuň özi isleýän wagty ýaraşyk şertnamasyny baglaş». (Muhammet Nesewi. Görkezilen kitap, 344-345-sah.).

Jelaleddiniň Al-Hakany – Çingiz hany ýeňip biljekdigine doly gözi ýetendir diýmek kyn, ýöne onuň şuny çyny bilen, tüýs ýüregi bilen isländigine şübhelenmese bolar. Hut şu isleg hem ony aýal doganyndan gelen köp manyly haty jogapsyz goýmaly diýen netijä getiren bolsa gerek. Sebäbi Jelaleddiniň diňe bir garadangaýtmaz, gaýduwsyz batyrlygy däl, eýsem, onuň inçe diplomatiýa bilen iş görmek ukyby-da, aňtaw gulluklary tarapyndan alýan maglumatlaryny seljerip edýän hereketleri-de, şeýle netije çykarmaga esas berýär.

Şeýle halk gahrymanynyň baş arzuwyna ýetip bilmän dünýäden gitmegi gynançly ýagdaý. Gapyllygyň gysymynda galyp, ardurja halda armanly ajalyň elinde gysga ömrüni paýawlan Jelaleddiniň ölümi öz döwründe hiç kimi biparh goýmandyr. Halk şeýle gahrymanyň ölmezligini, onuň yzynyň dowam etdirilmegini isläpdir. Bu barada Muhammet ibn Wasyl özüniň ýatlamalarynda: «Soltan Jelaleddin weрat bolandan soň mongollara garşy durmaga hiç hili serkerde ýokdy…Bu ýylda Müsürli türkmen serkerdeleriniň biri özüniň taýрasyndan jemlenen esgerleri bilen mongollaryň bir toрaryny derbi-dagyn etdi. Musulmanlaryň kalbynda mongollary ýeňiр bolýandygyna ýene-de ynam döredi. Mongollar musulmanlaryň agzybir hereket edýän ýerlerine ýöriş etmäge heder edýärdiler» diýip ýazýar. (Görkezilen kitap. 167-sah.).

Görnüşi ýaly, ony özüniň hak howandary hasaplan halk Jelaleddiniň ölümine ynanmandyr, ynanmak hem islemändir. Şonuň üçin-de ajy hakykat bilen ylalaşmadyk halk köpçüligi köp wagtlap Jelaleddini diri hasaplap, öz arzuwlarynyň hakykat hökmünde hasyl bolmagyny isläp, ol barada dürli gürrüňleri ýaýradyp gelipdir.Ýöne arzuw arzuw bolýar, halk näçe islese-de Jelaleddin eýýäm bu dünýäden gidipdi.

Nähili gidipdi?! Armanly gidipdi, ahmyrly gidipdi, pajygaly gidipdi, hatda mazarynyň nirededigi-de belli bolman gidipdi. Muhammet Nesewiniň ýazyşy ýaly, «älemi ýetim goýup» gidipdi. Ýöne «Suw küýzesi suwda synar» diýlişi ýaly, ömrüni gyzgyn göreşleriň, aldym-berdimli söweşleriň içinde geçiren Jelaleddin dyza çökmän, boýun synman gidipdi.Ynha, şu hem onuň köpleriň söýgüsine mynasyp bolan gaýduwsyz milli gahryman hökmünde halk hakydasynda ýaşamagyna getiren ýagdaýdyr.

JEMLEME ÝERINE

Makalanyň başynda Muhammet ibn Wasylyň gylyç hakda aýdan sözüni getiripdik. Dogrudan-da gylyç kimdir birine ýa-da ejizlere ezýet bermek, ýurduň çäklerini giňeltmek ugrunda gan dökmek üçin däl-de, öz ýurduňy duşmandan goramak üçin ulanylanda eýesine şöhrat getirýän ekeni. Munuň şeýledigini bolsa, soltan Jelaleddin Meňburnyň ömri hem tassyklaýar.  Hut şol nukdaýnazardan hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2016-njy ýyly Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip yglan edip, gaýduwsyz gerçeklerimiziň ömür we söweş ýollaryny öwrenmäge hem-de ony dünýä ýaýmaga giň ýol açyp berdi. Paýtagtymyzdaky harby bölümleriň birine edermen türkmen serkerdesi Jelaleddin Meňburnyň ady dakyldy. Munuň üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza ýüreklerimizden çykýan alkyş sözlerimiz çäksizdir! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Rejep PIRJANOW, maýor.