milli goshun logo
Jemgyýetde iň gymmatly hazyna – adamdyr!
Jemgyýetde iň gymmatly hazyna – adamdyr!
17.11.2021 1046 Okuw kurslary

    Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça müdirliklerinde okuw kurslary geçirilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan tassyklanylan «Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň şahsy düzümini, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, ilaty raýat goranyşyna taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň Tertibine» laýyklykda, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçy hem-de hünärmen düzümleri bilen okuwlar netijeli dowam edýär. Bu okuwlaryň esasy maksady olary adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlamak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetirip biljek zyýanlarynyň täsirini peseltmekden,  şeýle-de bu ugurda degişli çäreleri meýilleşdirmekligi ýola goýmakdan ybaratdyr.