milli goshun logo
Has ýeňil we goragly
Has ýeňil we goragly
09.10.2018 1902 Tehnologiýa

«Rafael» kompaniýasy «Trophy ASP» atly täze bronirlenen goranyş ulgamynyň barlag işlerini üstünlikli tamamlady. Harby tehnikalary, esasan, ýörite söweş tanklaryny dürli görnüşli raketalardan goramak maksady bilen işlenilip taýýarlanylan täze ulgamyň agramy adaty bronirlenen goranyş ulgamyndan 40%  ýeňil bolar.

Barlaglaryň dowamynda «Trophy APS» ulgamy harby tehnikalara we ot açylan dürli görnüşli tanklara garşy raketalaryň 300-den 280-ni hatardan çykarmagy başardy. Bu ulgamyň düzüminde raketa garşy goragy başladyjy enjam, radar we ulgamy täzeden taýýarlaýjy enjamlar ýerleşdirilendir.

«Rafael» kompaniýasy bu gorag ulgamynyň ýeňil harby tehnikalar üçin niýetlenen görnüşiniň hem üstünde işleýär we 2019-njy ýylda barlag işlerini geçirmegi maksat edinýär.