milli goshun logo
Harby ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hünärlerini kämilleşdirýär
Harby ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hünärlerini kämilleşdirýär
09.08.2019 1026 Harby Bilim

Gowy mugallym bolmak üçin özüňi hemişe kämilleşdirmegiň üstünde işlemeli. Bu oý-pikire eýerip, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hünärlerini ýurdumyzyň Harby akademiýasynda kämilleşdirýärler.

Öz saýlan harby ugrundan iň gowy hünärmenleriniň hataryna girip, olar pedagogika ugrundan öz bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň mugallymlary dört aýlyk pedagogiki okuwlary geçdiler.

Hünär derejelerini kämilleşdirmeginiň çäklerinde olar ýokary okuw mekdeplerinde ulanylýan öňdebaryjy okadyş usullaryny özleşdirdiler. Okuwyň dowamynda alan bilimleri we endikleri olara harby talyplary okatmagyň usullaryna täzeçe çemeleşmäge mümkinçilik berdi.

Şu günler bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlyk görüp, öz okuw meýilnamalaryna soňky goşmaçalary girizýärler. Şeýle hem institutda okuw prosesi yzygiderli kämilleşdirilýär, geljekki serkerdeler bilen işleşmegiň häzirki zaman usullary we enjamlary ulanylýar, pedagogika ugry boýunça dünýäniň iň gowy tejribesi özleşdirilýär. 

«Milli goşun».