milli goshun logo
Harby talyplaryň geçen okuw ýylynda üstünlikleri
Harby talyplaryň geçen okuw ýylynda üstünlikleri
22.06.2019 1140 Harby Bilim

Ýakynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw jaýlarynyň harby talyplarynyň uçurymy dabaraly ýagdaýda geçirildi. Olar ýene-de sanalgyja günlerden ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň dürli harby bölümlerinde serkerdelik wezipelerini ýerine ýetirerler. Tamamlanan okuw ýyly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň harby talyplary üçin hem şowly boldy. Institutyň talyplarynyň gazanan üstünlikleri barada Okuw-usulyýet bölüminiň başlygy, podpolkownik Annagurban Orazow habarçymyza şeýle gürrüň berdi.

– Hakykatdan-da, geçen 2018-2019-nji okuw ýylynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplary ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen umumymilli köpçülikleýin we ylym-bilim bäsleşiklerinde 19 gezek baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu bolsa geçen okuw ýyly bilen deňeşdireniňde, 8 utuk köpdür. Harby institutymyz bu görkeziji boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji, ählisiniň arasynda bolsa öňdäki orunlary eýeleýär.

Şeýle üstünliklere Harby institutyň mugallymlary hem gatnaşýar. Muňa mysal edip, ýakynda ýurt derejesinde geçirilen «Ýylyň mugallymy – 2019» atly bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolan Harby institutyň mugallymy, kapitan Döwran Abdyrasulowy görkezmek bolar. Aýratyn belläp geçmeli bolsak, ýaş mugallym ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň dosentleriniň we ylymlaryň kandidatlarynyň arasynda  mynasyp orna eýe boldy.

Bu barada gürrüň edilende Harby institutyň mugallymlary özleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça ýokary serkerdeleri düzümini taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynda dürli hünärler boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçip bilýändiklerini bellemelidir.

Institutymyzyň üstünlikleri – hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan tassyklanan Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda biziň ýurdumyzda bilim ulgamyny işjeň ösdürip, ýokary bilimli watançy nesli ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilendir – diýip, podpolkownik Annagurban Orazow sözüni jemledi.

«Milli goşun».