milli goshun logo
Harby talyplaryň ders bäsleşigindäki üstünlikleri
Harby talyplaryň ders bäsleşigindäki üstünlikleri
24.12.2019 2121 Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyplarynyň 20-si Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet ders bäsleşiginde üstünlik gazandylar. Olardan 8-si birinji ýere, 4-si ikinji ýere, 8-si üçünji ýere mynasyp boldular. Şunuň bilen birlikde ylym ugurlary boýunça geljekki Watan goragçylary toparlaýyn ýeňişleriň dördüsini gazandylar.

Onuň barşynda harby talyplarymyz iňlis dili, edebiýat, rus dili, Türkmenistanyň taryhy, fizika, nazaryýet mehanika, ýokary matematika, ekologiýa we başga derslerden öz bilimlerini görkezdiler.

Harby talyplarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet ders bäsleşiginde ýeňiji bolmaklary – ýurdumyzda harby bilimiň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

«Milli goşun».