milli goshun logo
Harby talyplaryň arasynda kitap okamak bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Harby talyplaryň arasynda kitap okamak bäsleşiginiň jemi jemlenildi
23.12.2019 1776 Harby Bilim

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda harby talyplaryň arasynda «Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar» ady bilen geçirilen kitap okamak bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Geljekki serkerdeler bäsleşigiň şertleri boýunça hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň  «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmen alabaýy», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini 35 günüň dowamynda okap, bu ajaýyp eserler boýunça elektron görnüşinde test soraglaryna jogap berdiler.       

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kitaplary watançy ýaşlarymyzy terbiýelemekde uly orny eýeleýär. Şular ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi Milli Liderimiziň eserlerini has çuňňur öwrenmäge, olarda beýan edilýän wakalar bilen ýaşlaryň içgin tanyşmagyna ýardam berýär.

Bäsleşikde orunlar üçin göreş örän çekeleşikli boldy. Harby talyplaryň köpüsi tabşyrylan ýumuşy birkemsiz ýerine ýetirdiler.

 «Milli goşun».