milli goshun logo
Harby talyplar Ýaragly Güýçlerimiziň sanly ulgama geçmegine goşant goşýarlar
Harby talyplar Ýaragly Güýçlerimiziň sanly ulgama geçmegine goşant goşýarlar
20.12.2019 2124 Harby Bilim

Belli bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyky edara-kärhanalary sanly ulgamyna geçirmek boýunça işlere uly üns berýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy we sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy iş ýüzüne geçirilýär. Konsepsiýalaryň amala aşyrylmagy üçin zerur çäreler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde hem alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň harby talyplary milli goşunymyzyň sanlaşdyrylmagyna bagyşlanan dürli kurs we diplom işlerini taýýarlaýarlar. Dünýä tejribesini we bu pudaga degişli bolan öňdebaryjy bilimi ulanyp, olar Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny pugtalandyrmak üçin öz innowasion çözgütlerini hödürleýärler.

Harby institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bu işe mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň döredijilikli çemeleşmeleri wagty tygşytly ulanmaga we milli goşunymyzyň düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelik bilen ýurdumyzyň serkerdelerini taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebi Ýaragly Güýçlerimiz üçin täze pikirleri döretmäge we teklipleri kämilleşdirmäge ýardam berýän özboluşly innowasion meýdança öwrülýär.

Harby institutda harby bilimi pugtalandyrmak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi hem işläp taýýarlanylýar. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we harby talyplarynyň gatnaşmagynda Döwrebap ders boýunça elektron okuw-usulyýet toplumy döredildi. Bu elektron toplum okuw kitaplaryny, gollanmalary, interaktiw multimediýa programmalary, kitapçalary we başga peýdaly maglumatlary öz içine alýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýokary okuw mekdeplerini we Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini birleşdirýän sanly bilim portaly döredildi. Harby talyplaryň bahalarynyň awtomatlaşdyrylan ýagdaýda hasabyny ýöredýän we statistikasyny saklaýan elektron žurnaly hem döredilip, okuw iş usulyna girizildi.

Harby institutyň düzüminde oýlap tapylýan täzeçillikler Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatynyň pugtalanmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň iş ýüzine geçirilmegine ýardam berýär.

«Milli goşun».