Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary hem-de Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň harby gullukçylary Ýaş alymlaryň bäsleşigine öz ylmy işlerini
hödürlediler. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan
geçirilýär.
Bäsleşigiň tapgyrlarynyň çäklerinde 30 ýaşyna
ýetmedik ýaşlaryň gowy netije görkezjek ylmy işleri emin agzalar topary
tarapyndan saýlanylyp alnar. Ýeňijiler üstümizdäki ýylyň 12-nji iýunynda – Ylymlar
gününde yglan ediler.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň biri-de Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň
4-nji ýyl harby talyby Döwletgeldi Ilgeldiýewdir. Ol bäsleşigiň emin agzalarynyň
garamagyna nanotehnologiýalaryň ulanylmagy bilen agromelioratiw maşynlarynyň
işini kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy işini hödürledi. Harby talybyň ylmy
derňewleri ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna önjeýli goşant goşup, agromelioratiw
tehnikalary üçin sarp edilýän çykdajylary peseltmäge kömek eder.
Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Arslan Gulgeldiýew
hem öz ylmy işini hödürledi. Ol bäsleşik üçin hukuk medeniýetine we onuň
häzirki zaman jemgyýetindäki ornuna bagyşlanan ylmy işini taýýarlady. Bu ylmy iş
jemgyýetde hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň we ösdürmegiň usullaryny öz
içine alýar.
Diňe bu däl. Bäsleşige harby talyplaryň we harby
gullukçylaryň onlarçasy özleriniň ylmy işlerini hödürlediler. Olaryň
ählisiniň-de ýeňşe bolan ynamy uly. Munuň özi nobatdaky gezek Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçlerinde zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak üçin zerur bolan
ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyň subut edýär.
«Milli goşun».