milli goshun logo
Harby talyplar üçin gyşky hasap-synag döwri başlandy
Harby talyplar üçin gyşky hasap-synag döwri başlandy
08.01.2020 3715 Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda gyşky hasap-synag döwri başlandy. Golaýdaky birnäçe hepdäniň dowamynda harby talyplar dürli dersler we harby ugurlar boýunça synaglary tabşyrarlar. Olara hem nazaryýet, hem tejribe synaglary garaşýar. Test görnüşindäki geçiriljek synaglarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylar.

Hasap-synag döwri harby talyplaryň diňe aň ukyplary däl, eýsem beden taýdan taýýarlygy hem ýüze çykýar. IV-V ýyl harby talyplaryň beden taýýarlygy boýunça synaglary has çylşyrymlaşdyrylan bolýar. I ýyllyk harby talyplara meýdan şertlerinde geçirilýän tejribe synaglary has gyzykly bolar.

Iň gowy netijeleri görkezen harby talyplar höweslendirilýär. Bu bolsa geljekki Watan goragçylaryň ylym-bilime bolan höweslenmelerini has-da ýokarlandyrýar.

«Milli goşun».