milli goshun logo
Harby okuwçylaryň «Altyn asyryň Altyn zehinleri» bäsleşigindäki üstünlikleri
Harby okuwçylaryň «Altyn asyryň Altyn zehinleri» bäsleşigindäki üstünlikleri
18.03.2020 5875 Harby Bilim

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň Altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň 2019-2020-nji okuw ýylyndaky şäher tapgyry hem geçirildi. Onda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň 2-si 1-nji orna, 2-si 2-nji orna we 2-si 3-nji orna mynasyp bolup, ýurdumyzyň harby bilim ulgamynyň ýokary sepgitlere ýetendigini nobatdaky gezek aýdyň subut etdiler.

Taryh dersi boýunça 1-nji orna mynasyp bolan 9-njy «Ç» synpda okaýan harby okuwçy Yhlas Şirmedow bilen gürrüňdeş bolanymyzda: «Taryh dersine bolan gyzyklanma mende 4-nji synpda döräpdi. Ata-babalarymyzyň taryhy ýoly, türkmen şahsyýetleri, türkmen döwletleri barada  okamagy gowy görerdim. Olara meňzemek islärdim. Ine, şu arzuw-isleglerim meni harby mekdebe getirdi» – diýip, özüniň ýürek buýsanjyny gürrüň berdi.

Fizika dersi boýunça 1-nji orna mynasyp bolan 9-njy «Ç» synpda okaýan harby okuwçy Yslam Sahadow hem bäsleşik barada şeýle diýdi: «Fizika dersi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda 1-nji orna mynasyp bolmagymda ders mugallymlarymyň hyzmaty diýseň uly. Olaryň okuw ýylynyň dowamynda maňa öwreden formulalary, gysga çözüliş ýollary bäsleşigiň ýeňil geçmegine kömek etdi. Men mugallymlaryma köp sagbolsun aýdýaryn!».

Döwrüň ösmegi, tehnologik gurallaryň kämilleşmegi bilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň derejesi has-da ýokarlanýar. Orta mekdepler bilen bir hatarda ýurdumyzyň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleri hem döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösen tehnologik abzallar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa, harby okuwçylaryň okuw sapaklaryny aňsat özleşdirmeklerine, öz garaýyşlary bilen dürli täzelikleri oýlap tapmaklaryna, aň taýdan kämil, dürli tehnologik abzallardan baş alyp çykmagyna ýardam edýär.

«Milli goşun».