milli goshun logo
Harby-lukmançylyk fakultetine dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär
Harby-lukmançylyk fakultetine dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär
15.07.2019 5273 Harby Bilim

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda biziň ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden okuw resminamalaryny kabul ediş möwsümi başlandy. Ýokary okuwlaryň biri hökmünde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetini görkezmek bolar.

Ýaş oglanlaryň ýüzlerçesi «Harby lukmançylyk» hünär ugruna gyzyklanma bildirip, uly höwes bilen lukmançylyk ýokary okuw mekdebine resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu fakultetde bilim almak bilen olar «Bejeriş-öňüni alyş işi» hem-de «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärlerini ele alyp bilerler. Mundan başga-da olar hökmany suratda daşary ýurt dillerini (iňlis dili, nemes dili, rus dili) öwrenýärler we soňky döwrebap lukmançylyk enjamlarynda netijeli işlemegiň inçe syrlaryny ele alýarlar.

Biologiýa, himiýa we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça synaglardan daşary, geljekki lukman-harby talyplary 100 metr hem-de 3 kilometrlik ylgaw we göwräňi çekmek ýaly beden taýýarlygy boýunça möçbernamalary tabşyrmaly.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine 2019-njy ýylyň 21-nji iýulyna çenli okuwa girmek üçin resminamalary tabşyryp bolar. Synaglardan üstünlikli geçen harby talyplar Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan harby talyplar üçin bellenen möçberde gündelik we meýdan eginbaşlar hem-de durmuş serişdeleriniň, goş emläkleriniň degişli görnüşleri, okuw döwründe iýmit, talyp haky, eginbaş, umumyýaşaýyş jaýy, şeýle hem durmuş serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda üpjün ediler.

«Milli goşun».