Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda
geçirilen döwlet ders bäsleşiginde üstünlik gazanan Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Harby institutynyň ýigrimi sany harby talyplaryna hem-de olaryň
mugallymlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we
Kärdeşler arkalaşyklarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary
gowşuryldy.
Ministrligiň garamagyndaky ýokary harby okuw
mekdebi bu ders bäsleşiginde öňdebaryjylaryň arasyna girip, toparlaýyn 4-nji ýere
mynasyp boldy. Harby talyplarymyzyň nobatdaky ýeňişi Türkmenistanyň ýokary
harby okuw mekdeplerinde çuňňur ylymly-bilimli Watan goragçylarynyň taýýarlanýandygyny
aýdyň subut etdi. Olaryň yhlaslary we zähmetsöýerligi Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň goranyş ukyplylygyna mynasyp goşant goşar.
Ders bäsleşiginde harby talyplarymyzyň 8-si
birinji ýere, 4-si ikinji ýere, 8-si üçünji ýere mynasyp boldular. Şunuň bilen
birlikde harby talyplar ders ugurlary boýunça toparlaýyn ýeňişleriň dördüsini
gazandylar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
instituty geljekki serkerdeleriň bilimlerini özleşdirmek üçin döwrebap
mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelik bilen bu okuw mekdebinde aň, beden we ruhy
taýdan kämilleşmek üçin ähli şertler bar.
«Milli goşun».