milli goshun logo
HARBY GULLUKCYLAR ÜÇIN AJAÝYP BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
HARBY GULLUKCYLAR ÜÇIN AJAÝYP BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
24.09.2022 1526 Harby özgertmeler

Ýurdumyzda harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertleriniň ýokary derejede bolmagy üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Biz muňa «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 23-nji sentýabrynda ýene bir ýola şaýat bolduk. Şol gün Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda harby gullukçylar üçin her biri 32 hojalyga niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açylyp ulanylmaga berildi. Toý baglary bilen bezelen gulluk jaýlarynyň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk dabarasy ýurdumyzda toýlaryň toýlara ulaşýandygyny äşgär etdi. «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren şirin owazlary, sahna ussatlarynyň edebi kompozisiýasy, harby lybaslarly çagajyklaryň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny arşa göterdi. Bu ýerde dikilen ak öýler bolsa milli ýörelgelere ygrarlylygyň, ata-babalarymyzyň durmuş ýoly bilen häzirki döwrüň eşretleriniň arasyndaky baglanyşygyň, geçmiş bilen geljegiň sazlaşygynyň nyşanyna öwrüldi. Açylyş dabarasynda söz sözlän harby gullukçylar bu ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň özleri üçin şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýatdan çykmajak toý sowgady bolandygyny nygtadylar we hormatly Belent Serkärdebaşymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Soňra öý eýelerine jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Jaý toýuny tutýan harby gullukçylar myhmanlary kabul edip, olary göz öňünde tutulan amatlyklar, otaglaryň enjamlaşdyrylyşy we abzallaşdyrylyşy bilen tanyşdyrdylar.