milli goshun logo
Halkyň hakydasyndaky gerçekleriň hatyrasyna
Halkyň hakydasyndaky gerçekleriň hatyrasyna
27.01.2022 1200 Harby özgertmeler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda giň gerimde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi üçin belent mertebedir. Her ýylda bolşy ýaly, ýurt goragçylarynyň baýramy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär.

Asylly däbe görä, Watan goragçylarynyň gününiň saba-säheri mukaddes topragy, ata Watany goran gerçekleri hatyralamak dabarasyndan başlandy. Merdana harby gullukçylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebindäki gahrymançylykly durmuş we ömür ýoly bilen hakyky watançylygyň, adamkärçiligiň we belent borja wepalylygyň nusgasy, Watanymyzyň merdana ogly, ýurt goran gerçegi, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym, ajaýyp watançy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýdular.

Hut şonuň ýaly, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül desserlerini goýmak dabarasyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, serkerdeler, harby talyplar, harby okuwçylardyr esgerler gatnaşyp, halkyň hakydasynyň öçmejek nyşanyna öwrülen, Watanyň wepaly ogullarynyň, ýurt goran merdana gerçekleriň hatyrasyna gül çemenlerini goýdular, Watany janyndan ilerde goýan atalarymyzyň, milletimiziň mert ogullarynyň öňünde baş egip, ruhy tagzym etdiler.

«Milli goşun».