milli goshun logo
Halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
26.01.2023 825 Harby durmuş

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Çoganly» ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Toplumyň çäginde ýörite taýýarlanan sahnada ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň aýdym-saz toparlarynyň, teatr artistleriniň we döwlet tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly ýaş nesilleri watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline tagzym etdiler. Olar binanyň içine girdiler. Onda Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýi ýerleşýär. Dabara gatnaşyjylar muzeýiň gymmatlyklary, arhiw materiallary, dürli resminamalaryň we şahsyýetnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň nusgalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar.

Soňra dabaralar kottej jaýlary toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda dowam etdi. Bu ýerde şanly waka gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular toplumyň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.