milli goshun logo
Geljekki Watan goragçylary üçin synaglar başlady
Geljekki Watan goragçylary üçin synaglar başlady
29.05.2019 2318 Harby Bilim

Bilşimiz ýaly, mundan müňlerçe ýyl ozal kämil ylymlary özleşdiren ata-babalarymyz bu mukaddes topragy umumadamzat medeniýetiniň ösüşi üçin ähmiýetli wakalaryň mekanyna öwürmegi başarypdyrlar. Merdana pederlerimiziň şan-şöhratyny biziň günlerimize ýetirmekde bolsa, her döwrüň kemally ýaş nesline uly jogapkärçilikli paý nesip edipdir. Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgäni mynasyp dowam etdirip, ylym-bilimi, milli medeniýeti, esasanam, watansöýüjilik duýgusyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly bu mukaddes hyzmat biziň günlerimize çenli uzap gelýär.

Döredilýän mümkinçiliklerden düýpli peýdalanýan türkmen ýaşlary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda bu gün öz saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler — Watanymyzyň geljekki hak eýeleri bolup ýetişýärler. Ine, häzirki günlerde-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň belent maksatlarynyň amala aşmagyna uly itergi berýän gutardyş synaglary üstünlikli dowam edýär.

Durmuşa doly derejede taýýar hünärmenleri ýetişdirýän ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyplarynyň hem jemleýji döwlet synaglary gyzgalaňly alnyp barylýar. Merdana Watan goragçylaryny ähli babatda taplaýan bu bilim ojagynda okadylýan many-mazmuna baý sapaklar harby taýýarlygy ýokary, ýüregi Watana bolan söýgüden püre-pür ýaşlaryň ýetişmegine ýardam edýär. Hawa, bu harby ýokary okuw mekdebiniň öňde goýýan esasy maksady hem şol. Çünki bu ýerde harby tälimiň inçe syrlaryny doly derejede özleşdiren harby talyplaryň döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda şu Watana, şu topraga öz hyzmatlaryny gaýgyrmajakdyklaryny uly ynam bilen aýdyp bolar.

«Milli goşun».