Iýun aýynyň
11-15-i aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde guryýeriň we howa giňişliginiň
goragyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikleri üns merkezine
alýan «EUROSATORY 2018» atly harby sergi geçirildi. Bu ugurda geçirilýän
çäreleriň esasylarynyň biri bolan bu sergide dünýäniň 63 ýurdyndan 1 802
gatnaşyjy öz önümlerini görkezdiler.
Täze
kompaniýalaryň 80-e golaýy öz harby tehnologiýalaryny görkezmäge mümkinçilik
tapdylar. Dünýä arenasynda goranmak senagaty bilen bir hatarda howpsuzlyk
ulgamynyň hem ähmiýetiniň artmagy bu sergide öz beýanyny tapdy.
Gyzyklanma bildirýänlere täze harby tehnologiýalary ýerinde barlamaga
mümkinçilik berýän ýörite zal gatnaşyjylara hyzmat etdi.
«EUROSATORY 2018» 153 ýurtdan 57 müňden gowrak syýahatçy we 641 žurnalist kabul etdi. Serginiň maksatnamasyna layklykda 71 ýygnak geçirilip, goranmak we howpsuzlyk ulgamlary bilen gyzyklanýan talyplara iş mümkinçilikleri döredildi.