milli goshun logo
Edermenlik ýörelgesi – nesillere görelde
Edermenlik ýörelgesi – nesillere görelde
16.05.2020 2027 Harby özgertmeler

16-njy maýda Türkmenistan Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýurdumyzyň taryhynyň täze sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň, ýagny hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşundaky harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga gelmegi mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

Ýadyňyzda bolsa, Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynyň yzysüre, 13-nji maýda hormatly Belent Serkerdebaşymyz dabaraly çärä – Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna hut özüniň gelip gatnaşmagy Watan goragçylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu ähmiýetli wakanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu baýram halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň, hoşniýetli we parasatly hakykatlaryň dowamat-dowamdygyny alamatlandyrýar.

Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen dabaraly çärede edilen çykyşlaryň hemmesi Watan mertebesiniň ähli zatdan ýokarda durýan mukaddeslikdiginiň taryhy beýany boldy. Zehinli mugallym, edermen esger, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.

Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň sahnasynda harby gullukçylaryň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Aýdymlaryň we kompozisiýa çykyşlarynyň üsti bilen Watan goragçylarymyz edermen ata-babalarymyzyň däplerine we harby borjuna wepalydygyny görkezdiler.

«Milli goşun».